Watan waspyn sözlän şahyr

7 Noýabr 2024
267

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň watançylyk, mertlik, gahrymanlyk, ynsanperwerlik, belent ahlaklylyk, halallyk, ruhubelentlik bilen bagly paýhaslar içinden eriş-argaç bolup geçen şygyrlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol goşgular biziň üçin ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir.

Şahyr watançylyk temasyndaky «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Döker bolduk ýaşymyz», «Ýeli Gürgeniň», «Başy gerekdir» ýaly ençeme goşgulary döredipdir.

Rejepmämmet ESENOW,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.