Magtymgulynyň şygyrlary — ynsan kalbynyň şamçyragy

24 Oktýabr 2024
308

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli örän ýokary derejeli, halkara ähmiýetli forumlaryň, dürli görnüşli dabaralaryň geçirilýändigi hemmämizi buýsanja besleýär. Golaýda geçirilen hökümet maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň ýokary derejede guralandygyny bellemegi medeni diplomatiýanyň, halkara hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygyny tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkara forumdaky çykyşynda  jaýdar nygtaýşy ýaly, Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky çuňňur pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr, dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda medeniýetleriň, bilimleriň özara baýlaşmagyna getiripdir.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.