«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň halkara syýasy giňişliginiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatçylyk söýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygyny, sebitleýin hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigini, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezdi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabarasyny belende göterdi.