Bitarap Türkmenistan — parahatçylygy, dostlugy, hyzmatdaşlygy ösdürýär

24 Oktýabr 2024
276

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde berkarar döwletimiz ähli ugurlarda sazlaşykly ösüşleri gazanýar. Içeri we daşary syýasatdaky üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtyýar şu gününi, nurana geljegini nazarlaýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her bir raýatyň saglygynyň, durmuş goraglylygynyň, hukuklarynyň we azatlygynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet tarapyndan uly işler ýerine ýetirilýär. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Ýakynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň geçirilmegi hem munuň nobatdaky mysalydyr. Gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan döredijilik çäresi türki dilli halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyryp, gurama agza ýurtlaryň sungat ussatlarynyň özara pikir alyşmaklaryna uly mümkinçilikleri döretdi. Şeýle festiwallar, döredijilik duşuşyklary ynsanlary biri-birlerine ýakynlaşdyrýar, halklary dostlaşdyrýar.

«Adalat».