Ejemiň, kakamyň işden gelerine entek bir-iki sagat wagt bardy. Mekdepde öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirip, okamaly kitaplarymy okanymdan soň, birazajyk telewizora güýmenesim geldi. Emma nämüçindir telewizoram onçakly ünsümi çekmedi. Nämä güýmenjegimi pikirlenip otyrkam, birden kelläme gowy pikir geldi. «Gowusy ejem-kakam gelýänçä çaý demläp, heýgenek bişireýin-le» diýdim. Heýgenek bişirmegi juda gowy görýärdim. Onsoňam «Bu gün nahary men bişirsem ejem işden gelip, arkaýyn dynç alar» diýip göwün ýüwürtdim.
Şol niýet bilen aşhana bardym. Gazy ýakmak üçin alan otluçöpli gutym tötänlikde suwly käsäniň içine gaçaýdy. Men ilki otluçöpleri gabyndan çykardym-da, penjiräniň öňünde serip goýdum. Emma ol wagty bilen gurarly däldi. Ep-eslije garaşdym, şonda-da otluçöpler çygdy. Indi näme etmeli?! Bu gün ejemi begendirjegim gara çynymdy. Pikirlenip-pikirlenip, tapan çykalgamam otluçöpleri ütük bilen guratmak boldy.