Taryha ser salsak, dürli döwürlerde pullaryň birnäçe görnüşleriniň ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Puluň giňden peýdalanylmagy bilen durmuş we ykdysady gatnaşyklar has kämilleşdi.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurtda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi. Şu ýyl milli pul birligi bolan türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegine 31 ýyl bolýar. Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi. Olardan manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün etmek, satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar.