Milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde nygtaýşy ýaly, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli zähmet çekmek, Watanymyzyň gülläp ösüşine goşant goşmak bagtyýar nesilleriň baş maksady bolup durýar.