Intellektual eýeçiligiň hukuk goragy

31 Oktýabr 2024
255

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatyna esaslanyp, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga  gönükdirilen aýdyň maksatlara eýerýär. Bu maksada ýetilmegi isleg bildirilýän önümleriň ýurdumyza  getirilmegine we ondan dünýä bazarlaryna çykarylmagyna döwlet tarapyndan gümrük gözegçiligini amala aşyrýan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gündelik işleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Ýakynda, has takygy, 25-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Halkara gümrük terminalynda harytlar gümrük serhedinden geçirilende, intellektual eýeçilige hukuklary goramak boýunça pudagara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň jogapkär hünärmenleri, patent ynamdarlary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Abdyrahman NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.