Akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryna arzuw bolup ornan berkarar döwletiň ykbalymyza hemra bolmagynyň özi baş bagtyýarlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda: «Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi» diýlip, bu taryhy häsiýete örän kämil kesgitleme berilýär. Biz hem ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen şular dogrusynda taýýarlan söhbetdeşligimizi «Adalat» gazetiniň okyjylaryna hödürleýäris.
— Şu ýyl, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen atlandyrylan 2024-nji ýyl akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletiniň taryhyna täze üstünlikleriň buýsançly beýanatyny ýazdy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde zähmetde tapawutlanan ildeşlerimiziň hem-de Bitarap döwletimiziň rowaçlanmagyna şahsy goşandyny goşan daşary ýurt raýatlaryna Şa serpaýlary, ýagny hormatly atlar, döwlet sylaglary gowşuryldy. Şol dabaraly mejlisde size Türkmenistanyň Gahrymany diýlen belent derejäniň berilmegi bilen mähirli gutlaýaryn.