Arzygül GYLYJOWA,
Aşgabat şäher prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi:
— Biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bitirýän nusgalyk işleriniň netijesinde guwandyryjy wakalaryň, hoş habarlaryň şaýady bolýarys. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar kalplarymyzy buýsanç duýgusyna besledi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň köpüsiniň we sebitdäki hemme ýurtlaryň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bolsa hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän asylly başlangyçlary BMG-niň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän Kararnamalarda öz beýanyny tapýar.