Watan söýgüsi

31 Oktýabr 2024
283

Bir ýigit ussadynyň ýanyna gelip: «Men Watanymy söýýärin, emma ony nädip beýan etjegimi bilemok. Maňa siziň hemaýatyňyz gerek!» diýýär. Ussat ýigidi bir çeşmäniň ýakasyna alyp barýar. Çeşmeden suwuň yzygiderli akyp durandygyny görkezip: «Bu çeşme Watany nädip  söýmelidiginiň ajaýyp mysalydyr» diýýär.

Soňra ol ýaş ýigidiň gözlerine bakyp: «Watany söýmek hem şuňa meňzeýär. Çeşmäniň suwy kesildigi ol, eýýäm,  çeşme bolup bilmeýär. Sen Watana söýgiňi dowamlylyga, yzygiderlilige öwürmeli. Onuň edil çeşme suwy ýaly kesilmäge haky ýokdur. Watanyň mertebesi we keramaty biziň oňa dowamly söýgimizdedir» diýýär.

Aýbölek NURSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.