"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Çagalara bilim bermekde oýunlardan peýdalanmak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletimizde ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hil derejesi barha ýokarlanýar. Döwrebap okuw-usuly serişdeler, ylmyň gazananlary özleşdirilýär. Çagalara bilim bermegiň netijeli usullarynyň milli tejribe bilen utgaşdyrylmagy üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär we bilim berlişiniň terbiýe işi bilen sazlaşykly amala aşyrylmagy gazanylýar. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda kompýuter tehnologiýalarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylan döwründe ýaş nesliň aň-düşünjesi özgerýär, ösýär. Şoňa görä-de olara bilim bermekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr.

Başlangyç synplarda matematika

Ähli ylymlaryň açary hasaplanylýan matematikany başlangyç synplardan başlap, dürli öwrediji oýunlaryň üsti bilen çagalara öwretmek olaryň bu derse bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Şunda okuwçylar goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek ýaly matematiki amallary has-da oňat özleşdirýärler, matematiki hasaplamalara ökde bolýarlar. Kiçi ýaşly çagalar, ylaýta-da başlangyç synp okuwçylary üçin oýun işiň bir görnüşi bolup durýar. Olar oýunlara juda jogapkärçilikli çemeleşmek bilen, onuň öwredijilik taraplaryny oňat özleşdirýärler. Öwrediji oýunlar arkaly okuwçynyň täze maglumatlary öwrenmegini gazanmak, onuň bilimini barlamak mümkin. Şu ýerde olaryň käbirini mysal hökmünde getirmegi makul bildim. «Hawa. Ýok» oýny.

Okuw işini döwrebap guramagyň usulyýeti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň baş maksady giň dünýägaraýyşly, bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Şu maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň ýokary derejede guralmagyny talap edýär. Bu wezipeleri amal etmekde bilim işgärlerine uly jogapkärçilik degişli bolup durýar. Häzirki wagtda bilim ojaklarynda okuw işini kämil derejede ýola goýmak üçin bilim işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Bu meselede olar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Çünki bu kitaplarda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ilhalar ynsan, başarjaň guramaçy, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň pedagogik ussatlygy, ýaş nesle bilim bermekde ulanan tärleri, baý iş tejribesi çeper beýan edilýär. Olar bolsa her bir bilim işgäri üçin görelde mekdebidir.

Döwrüň möhüm talaby

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanyp, okatmagyň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Häzirki wagtda bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar. Ol resminama maglumat bilim ulgamyny döretmäge we bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmäge, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Ähli ösüşleriň özeni

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünliklere aýratyn sarpa goýulýar. Şol ýetilen sepgitleriň her biri biziň üçin guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň: «Bilim ähli ösüşleriň özenidir» diýip, parasatly belleýşi ýaly, üstünliklerimiziň düýp özeninde bilimiň, ylymyň gazananlarynyň bardygyna göz ýetirýäris. Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplar we okuwçylar bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiziň şonda eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, ylym-bilim ynsany belende göterýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Okamak, öwrenmek, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň borjudyr. Olaryň akylly-başly, edep-terbiýeli, ylym-bilimli, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri bolsa orta mekdeplerde berilýän bilime hem baglydyr.

Terbiýe we taryh

Terbiýe meselesi müdimilik häsiýete eýe. Çünki adam terbiýäniň üsti bilen öz nesliniň has gowy ýaşamagy ugrunda alada edýär. Gowy ýaşamak diýmek bolsa, durmuşyň ähli sapaklaryndan mynasyp baş alyp çykmak, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşaýan döwrüňde bagtyýarlyga guwanmagy, buýsanmagy başarmak diýmekdir. Şonuň üçin nesiller kalbynda ýagşy günlere bolan ajaýyp umytlaryny tug edinip, maksatlaryna ýetmek üçin hereket etmelidirler. Ine, şu we beýleki ajaýyp häsiýetleri jemlemek milli terbiýe mekdebiniň kämilligini talap edýär. Gahryman Arkadagymyz hem 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýaş nesilleri bilen şeýle nusgalyk milli terbiýä beslenen umumy okuw sapagyny geçdi. Bu okuw sapagynyň düýp many-mazmunynyň terbiýe bilen gös-göni baglanyşyklydygy onuň taryhy ähmiýetini ýokarlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň okuw sapagynyň başyny: «Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim» diýen sözler bilen başlamagy-da muňa aýdyň mysal boldy.

Arkadagymyzyň geçen okuw sapagy

Bilim — bagtyýarlygyň binýady, okgunly ösüşleriňdir özgerişlikleriň gözbaşy. Bilim — atadan ogla miras galyp biljek iň gymmatly baýlyk. Hakykatyň heňňam hekaýatlary munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen subut edýär. Hut şoňa görä-de, gadymy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen nesilleriniň edep-terbiýesi, aň-düşünjesi bilen baglanyşykly meseleleri döwrüň iň derwaýys wezipesine öwrendigine taryh gözli şaýat. Ýaşlarymyzyň ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine bagyş etmelidiklerini sargyt edýän hormatly Prezidentimiz täze, 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçen pursatlarynda, biz halkymyzyň bilim, terbiýe bilen baglanyşykly asylly ýörelgesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir gezek şaýady bolduk.

Ruhy baýlygyň çeşmesi

Halkymyzyň kitaba bolan söýgüsi öz köklerini has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlarda Oguz hanyň nesilleriniň özara gatnaşykda ulanan tagmalary esasynda iň gadymy elipbiýiň döredilendigi hem-de hat-ýazuwyň oýlanyp tapylandygy barada habar berilýär. Şol ýazuw nusgalaryny ulanan ata-babalarymyz gören, eşiden, kalbynda döreden hakykatyny, oý-pikirini daşlaryň ýüzüne, agajyň gabyklaryna, bişirilen toýna, gön we mata böleklerine golýazma görnüşde beýan edipdirler. Ýazuw işini yzygiderli özleşdirmek we özgertmek bilen, dil üsti arkaly berilýän maglumatlary we bilimleri hata geçirip, olaryň gündelik ulanylmagyny, uzak aralyga iberilip, maglumat alyş-çalşygyny ýola goýupdyrlar. Döwürleriň üýtgemegine we talabyna görä ýazgylary, hat göterijileri birleşdirmek we gaplamak bilen, gadymy halkymyz kitaplaryň döremegine uly goşant goşupdyrlar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň hemrasyna öwrülen, her bir setirinde ylham jümlesi jemlenen, milli ýörelgelere ýugrulan eserleri miras galdyrypdyrlar. «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitaby magşuk saý, özüňi — aşyk», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen we başga-da birnäçe paýhasly pähimleri nesillere wesýet goýupdyrlar. Kitaba deňsiz-taýsyz genji-hazyna hökmünde garan akyldarlarymyz nakyllaryň, rowaýatlaryň üsti bilen adamzat durmuşyny kitapsyz göz öňüne getirmek mümkin däldigini wagyz edipdirler. Halk

Bilimli ýaşlar Watanyň röwşen geljegidir

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýär. Eziz Diýarymyz diňe bir Merkezi Aziýada däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygyň mekanyna öwrüldi. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, geçirilýän özgertmeleriň yzygiderliligi, halkara gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy we ösdürilmegi, olaryň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýär.

Sapagy utgaşykly alyp barmak

Mugallym hemişe döredijilikli zähmet çekmeli, gözlegde bolmaly. Ol her bir sapagyň bilim berijilik hem-de terbiýeçilik tarapyna hemişe üns bermeli. Häzirki wagtda sapaklary döwrüň talaplaryna laýyk guramakda giň mümkinçilikler bar. Bu işde täze tehnologiýalardan peýdalanmak has oňat netijeleri berýär. 1-nji synpda «I,i» sesini we harpyny çagalara öwredenimde, multimedia tagtasyndan, dürli oýunlardan peýdalandym. Ilki bilen «i» harpy bilen gelen sözleri aýdyp berdim. Soňra birnäçe suraty multimedia tagtasynda goýdum. Şolaryň arasynda itiň, iligiň, ysmanagyň, ýapragyň, adamyň aýak yzynyň, iňňäniň, dutaryň suratlary bar. Çagalara her sözi okap berip, olarda «i» sesiniň bardygyny ýa-da ýokdugyny soraýaryn. Okuwçylar bu tabşyrygy oňat ýerine ýetirdiler.

Başlangyç synp okuwçylarynyň sözleýşini ösdürmek

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermäge giň mümkinçilik döredilýär. Bu bolsa mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, sapaklaryny gyzykly we netijeli guramagyna oňaýly täsir edýär. Bilim bermegiň ýörelgelerine laýyklykda, başlangyç synp mugallymlary okuwçylaryň bilesigelijilik, akyl ýetirijilik mümkinçiliklerini öwrenmäge we ösdürmäge borçludyrlar. Mugallym çagada okamak, täze-täze zatlary öwrenmek islegini döretmelidir. Olaryň beýleki okuw derslerinden hem-de durmuş tejribelerinden alan düşünjelerini, başarnyklaryny we endiklerini kämilleşdirmek üçin çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çemeleşilmelidir.

Täze mekdepler — ýaş nesillere sowgat

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy belleniljek ýylymyzyň altyn güýzüniň ilkinji, ýagny Bilimler we talyp ýaşlar gününde Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýaşaýan bagtyýar nesiller milli Liderimiziň Şa serpaýlarynyň ikisini — täze, döwrebap mekdepleri sowgat aldylar. Bu bilim ojaklary Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde açylyp, ulanylmaga berildi. Saýat etrabynda ýerleşýän döwrebap täze mekdepleriň ikisi hem üç gatly bolup, olar 600 okuwça niýetlenendir. Täze okuw ýylynda 38-nji orta mekdebe çagalaryň 35-si, 39-njy orta mekdebe bolsa 40-sy okuwa kabul edildi. Olara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» kompýuterleriniň sowgat berilmegi bolsa, çagalaryň şatlygyny goşalandyrdy. Daş-töweregi bilen özara sazlaşykly bina edilen bu täze mekdeplerde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Kämilligiň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň 1-nji sentýabrda geçiren umumy okuw sapagy bagtyýarlyk döwrümiziň taryhy wakasyna öwrüldi. Munuň özi biziň her birimizde watansöýüjiligi has-da ösdürdi, mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjy belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýolundaky başlangyçlary halkymyzyň şu gününe, ýagty ertirine ynamyňy berkidýär we ýüregiňde ruhubelentligi oýarýar. Biziň her birimizi ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna jan aýaman zähmet çekmäge, okamaga, gurmaga, döretmäge ruhlandyrýar. Bu işler abadançylygyň, gülläp ösmegiň, nesillerimiziň baky bagtyýar ýaşamagynyň badalgasydyr. Milli Liderimiz halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýändigini, bilim, ylym ýolunyň kämilligiň ýoludygyny belleýär. Çünki, döwrebap bilim, ylym öwrenmek geljegimiz bolan ýaşlary sowatly, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ruhy-ahlak taýdan sagdyn, ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmegiň ygtybarly ýoludyr.

Beýik görelde

Eýýäm birnäçe güni yzda galan täze okuw ýylynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen geçiren duşuşygynyň ýakymy kalbymyzdan heniz-heniz çykarly däl. Bu duşuşygyň goýnuna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny alyp gelen aýyň ilkinji gününe gabat gelmegi bolsa onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Talyplygyň dünýäsinden ýaňy saýlanan we hut şu şanly ýylda «mugallym» diýlen mertebeli ada mynasyp bolan ýylyňda bu täsirli çykyşy diňlemek has ýakymly eken. Hormatly Prezidentimiz, aslynda, diňe bir bu duşuşyga gatnaşyjylara däl-de, «mawy ýaýlymyň» we gazet sahypalarynyň üsti bilen tutuş ýurdumyzyň talyplarydyr okuwçylaryna täze okuw ýylynyň ilkinji sapagyny berdi. Şol gün millionlarça ýürek Gahryman Arkadagymyzy diňledi, millionlarça ýürek Gahryman Arkadagymyzyň şol duşuşykda eden çykyşyny gaýtalap-gaýtalap okaýar.

Berkden tutup bilimleriň binýadyn...

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan toý-baýramlara baý ýylymyzda şöhratly geçmişimiziň altyn sahypalarynda beýan edilişi ýaly, ata-babalarymyzyň garaşyp hem göreşip ýeten mukaddes Garaşsyzlygyň otuzynjy güýzüniň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde umumy okuw sapagyny geçmegi aýdyň maksatly türkmen ýaşlarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen jaýdar jümleleri agzap geçdi. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny kämilleşdirmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, ägirt uly işler alnyp barylýar.

Bilim ojagymyz — guwanjymyz

Ösüp gelýän ýaş nesliň ata Watanymyza peýdaly, ilimize gerekli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaly möhüm işe mekdebimiziň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olar okuw-terbiýeçilik işlerini hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alyp, döwrebap derejede guraýarlar. Şonuň netijesinde bilim ojagymyzda okuwçylara berilýän bilimiň hili barha ýokarlanýar. Edilýän tagallalaryň ýerine düşýändigine mekdebimiziň dürli derejelerde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlik gazanýandygy hem doly şaýatlyk edýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda biziň bilim ojagymyz «Iň gowy orta mekdep» diýen at bilen welaýat derejesinde geçirilen bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldy. Mekdebimizde okuwçylara çuňňur bilim bermek, okuw-terbiýeçilik işlerini göreldeli guramak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi, otaglaryň multimediýa tagtalary, kämil kompýuterler we beýleki zerur okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilendigi bellärliklidir. Mekdebimize indi çärýek asyra golaý wagtdan bäri «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň ussat mugallymy Annamuhammet Garaýew başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär. Ol mekdebimiziň işgärleriniň ukyp-başarnygyny öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirýär. Bu wajyp işe biziň guramamyzyň agzalarynyň işjeň gatnaşýandyklaryny hem belläsim gelýär. Ilkinji guramamyzda agzalaryň 50-ä golaýy bolup, olaryň 30-dan go

Gözel diýaryň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, dürli hünärleri ele almagy we ylma gözükmegi, ata Watana, halka, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, altyn güýzüň ilkinji gününde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan günlerinde ýurdumyzyň talyp ýaşlary hem-de mekdep okuwçylary bilen ahlak kadalary, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň beýik ösüşli taryhy ýoly, çagalaryň, ýaş nesliň wezipe-borçlary dogrusynda umumy okuw sapagyny geçdi. Edep-terbiýe barada söz açylanda, biz mydama gadymyýete ýüzlenýäris. Çünki ene-mamalarymyz, pederlerimiz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, many-mazmun bilen baýlaşan gymmatly ýol-ýörelgeleri bize miras galdyrypdyrlar. Biz häzirki wagtda hem terbiýe meselesinde şol ýol-ýörelgelere, öwüt-ündewlere uýýarys. Gahryman Arkadagymyz: «Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir» diýip belleýär.

Bilim — kämillige şamçyrag

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, ata Watanymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň baş maksady eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara döwrebap bilim berip, olaryň ýokary bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar hakyndaky bimöçber aladalary ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, aýratyn hem, milli bilim ulgamynda aýdyň şöhlelenýär. Bu ulgamyň maddy-üpjünçilik binýady kämilleşdirilýär, döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle giň gerimli mümkinçilikler ýaş nesilleriň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kämil bilim almagynda ähmiýetli orny eýeleýär. Ýakynda, has takygy 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygy hem taryhy ähmiýetli waka hökmünde aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonda milli Liderimiziň ýaşlara ýüzlenip: «Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär» diýip bellemegi ýurdumyzyň bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giň gerim bilen ornaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Döwrüň möhüm talaby bolup durýan sanly bilimi düýpli özleşdirýän ýaşlar bolsa ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşant goşjak şahsyýetler, o

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Ýurdumyzda ertirki günümiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim, terbiýe bermek, zehinli, giň dünýägaraýyşly, şonuň bilen bir hatarda häzirki döwrebap tehnologiýalara erk edip bilýän kämil ýaşlary kemala getirmek meselelerine ýokary derejede üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegi bilen okuwçy ýaşlarymyzdan başlap talyplarymyza çenli bilim bermekde sanly bilim ulgamynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagynda, öwredilýän sapaklary ýaşlaryň çuňňur özleşdirmeginde örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bagtyýarlyk döwrümizde ähli babatda ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyz ähli ulgamlarda sanly bilim ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanylmagyny we bu babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegini ýola goýdy. Mundan başga-da, islendik pudakda, edara-kärhanada iş kagyzlarynyň, maglumatlaryň, resminamalaryň elektron görnüşe geçirilmegi işgärleriň işlerini köp babatda ýeňilleşdirýär we işlemäge has oňaýly şertleri döredýär. Sanly bilim ulgamynyň ýurdumyzyň ylym, bilim, senagat, medeniýet, saglyk ulgamlaryna, oba hojalygyna giňişleýin ornaşdyrylmagy ähli ulgamlarda işleriň ilerlemeginde, ösüşleriň gazanylmagynda, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň artmagynda, binýadynyň berkemeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has hem ý

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Garagum etrabyndaky 2-nji orta mekdepde ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde mugallymlar arman-ýadaman zähmet çekýärler. Yhlasly zähmet çekip, mekdepde sylanylýan mugallymlaryň biri hem Hatyja Orazgylyjowadyr. Ol Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, ýokarda ady agzalan mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işe başlady. Mugallym 17 ýyl bäri şol mekdepde zähmet çekip, okuwçylaryň we mugallymlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Ol çagalara sapak bermekde ýörite suratlardan, şekillerden peýdalanýar. Mugallymyň görkezme esbabyndan peýdalanmagy çagalara sapagyň has-da düşnükli bolmagyna ýardam edýär. SURATDA: sapakdan pursat.