Täze mekdepler — ýaş nesillere sowgat

14 Sentýabr 2021
915

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy belleniljek ýylymyzyň altyn güýzüniň ilkinji, ýagny Bilimler we talyp ýaşlar gününde Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýaşaýan bagtyýar nesiller milli Liderimiziň Şa serpaýlarynyň ikisini — täze, döwrebap mekdepleri sowgat aldylar. Bu bilim ojaklary Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde açylyp, ulanylmaga berildi.

Saýat etrabynda ýerleşýän döwrebap täze mekdepleriň ikisi hem üç gatly bolup, olar 600 okuwça niýetlenendir. Täze okuw ýylynda 38-nji orta mekdebe çagalaryň 35-si, 39-njy orta mekdebe bolsa 40-sy okuwa kabul edildi. Olara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» kompýuterleriniň sowgat berilmegi bolsa, çagalaryň şatlygyny goşalandyrdy. Daş-töweregi bilen özara sazlaşykly bina edilen bu täze mekdeplerde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Maral AKMYRADOWA,
žurnalist.