Çagalara bilim bermekde oýunlardan peýdalanmak

16 Sentýabr 2021
1189

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletimizde ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hil derejesi barha ýokarlanýar. Döwrebap okuw-usuly serişdeler, ylmyň gazananlary özleşdirilýär. Çagalara bilim bermegiň netijeli usullarynyň milli tejribe bilen utgaşdyrylmagy üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär we bilim berlişiniň terbiýe işi bilen sazlaşykly amala aşyrylmagy gazanylýar.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda kompýuter tehnologiýalarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylan döwründe ýaş nesliň aň-düşünjesi özgerýär, ösýär. Şoňa görä-de olara bilim bermekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr.

Ogulnur GURDOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy.