Gözel diýaryň geljegi

13 Sentýabr 2021
1007

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, dürli hünärleri ele almagy we ylma gözükmegi, ata Watana, halka, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda, altyn güýzüň ilkinji gününde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan günlerinde ýurdumyzyň talyp ýaşlary hem-de mekdep okuwçylary bilen ahlak kadalary, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň beýik ösüşli taryhy ýoly, çagalaryň, ýaş nesliň wezipe-borçlary dogrusynda umumy okuw sapagyny geçdi.

Edep-terbiýe barada söz açylanda, biz mydama gadymyýete ýüzlenýäris. Çünki ene-mamalarymyz, pederlerimiz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, many-mazmun bilen baýlaşan gymmatly ýol-ýörelgeleri bize miras galdyrypdyrlar. Biz häzirki wagtda hem terbiýe meselesinde şol ýol-ýörelgelere, öwüt-ündewlere uýýarys. Gahryman Arkadagymyz: «Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir» diýip belleýär.

Güljan NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.