Sapagy utgaşykly alyp barmak

14 Sentýabr 2021
1217

Mugallym hemişe döredijilikli zähmet çekmeli, gözlegde bolmaly. Ol her bir sapagyň bilim berijilik hem-de terbiýeçilik tarapyna hemişe üns bermeli. Häzirki wagtda sapaklary döwrüň talaplaryna laýyk guramakda giň mümkinçilikler bar. Bu işde täze tehnologiýalardan peýdalanmak has oňat netijeleri berýär.

1-nji synpda «I,i» sesini we harpyny çagalara öwredenimde, multimedia tagtasyndan, dürli oýunlardan peýdalandym. Ilki bilen «i» harpy bilen gelen sözleri aýdyp berdim. Soňra birnäçe suraty multimedia tagtasynda goýdum. Şolaryň arasynda itiň, iligiň, ysmanagyň, ýapragyň, adamyň aýak yzynyň, iňňäniň, dutaryň suratlary bar. Çagalara her sözi okap berip, olarda «i» sesiniň bardygyny ýa-da ýokdugyny soraýaryn. Okuwçylar bu tabşyrygy oňat ýerine ýetirdiler.

Kümüş BEGIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mugallymy.