Bilim — kämillige şamçyrag

13 Sentýabr 2021
932

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, ata Watanymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň baş maksady eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara döwrebap bilim berip, olaryň ýokary bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmakdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar hakyndaky bimöçber aladalary ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, aýratyn hem, milli bilim ulgamynda aýdyň şöhlelenýär. Bu ulgamyň maddy-üpjünçilik binýady kämilleşdirilýär, döwrüň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle giň gerimli mümkinçilikler ýaş nesilleriň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kämil bilim almagynda ähmiýetli orny eýeleýär.

Ýakynda, has takygy 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygy hem taryhy ähmiýetli waka hökmünde aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonda milli Liderimiziň ýaşlara ýüzlenip: «Ylmyň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesil hem kemala gelýär» diýip bellemegi ýurdumyzyň bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giň gerim bilen ornaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Döwrüň möhüm talaby bolup durýan sanly bilimi düýpli özleşdirýän ýaşlar bolsa ata Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşant goşjak şahsyýetler, olar öz kärine ussat hünärmenler bolup ýetişerler.

Annagül HOJAGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň mugallymy.