Terbiýe we taryh

15 Sentýabr 2021
1096

Terbiýe meselesi müdimilik häsiýete eýe. Çünki adam terbiýäniň üsti bilen öz nesliniň has gowy ýaşamagy ugrunda alada edýär. Gowy ýaşamak diýmek bolsa, durmuşyň ähli sapaklaryndan mynasyp baş alyp çykmak, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşaýan döwrüňde bagtyýarlyga guwanmagy, buýsanmagy başarmak diýmekdir. Şonuň üçin nesiller kalbynda ýagşy günlere bolan ajaýyp umytlaryny tug edinip, maksatlaryna ýetmek üçin hereket etmelidirler.

Ine, şu we beýleki ajaýyp häsiýetleri jemlemek milli terbiýe mekdebiniň kämilligini talap edýär. Gahryman Arkadagymyz hem 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ýaş nesilleri bilen şeýle nusgalyk milli terbiýä beslenen umumy okuw sapagyny geçdi. Bu okuw sapagynyň düýp many-mazmunynyň terbiýe bilen gös-göni baglanyşyklydygy onuň taryhy ähmiýetini ýokarlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň okuw sapagynyň başyny: «Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim» diýen sözler bilen başlamagy-da muňa aýdyň mysal boldy.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.