Ähli ösüşleriň özeni

15 Sentýabr 2021
935

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünliklere aýratyn sarpa goýulýar. Şol ýetilen sepgitleriň her biri biziň üçin guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň: «Bilim ähli ösüşleriň özenidir» diýip, parasatly belleýşi ýaly, üstünliklerimiziň düýp özeninde bilimiň, ylymyň gazananlarynyň bardygyna göz ýetirýäris.

Bilşimiz ýaly, ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplar we okuwçylar bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiziň şonda eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, ylym-bilim ynsany belende göterýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Okamak, öwrenmek, döretmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak bolsa bagtyýar ýaşlarymyzyň borjudyr. Olaryň akylly-başly, edep-terbiýeli, ylym-bilimli, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri bolsa orta mekdeplerde berilýän bilime hem baglydyr.

Jöwher JORAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy.