Arkadagymyzyň geçen okuw sapagy

15 Sentýabr 2021
961

Bilim — bagtyýarlygyň binýady, okgunly ösüşleriňdir özgerişlikleriň gözbaşy. Bilim — atadan ogla miras galyp biljek iň gymmatly baýlyk. Hakykatyň heňňam hekaýatlary munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen subut edýär. Hut şoňa görä-de, gadymy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda türkmen nesilleriniň edep-terbiýesi, aň-düşünjesi bilen baglanyşykly meseleleri döwrüň iň derwaýys wezipesine öwrendigine taryh gözli şaýat.

Ýaşlarymyzyň ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine bagyş etmelidiklerini sargyt edýän hormatly Prezidentimiz täze, 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçen pursatlarynda, biz halkymyzyň bilim, terbiýe bilen baglanyşykly asylly ýörelgesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir gezek şaýady bolduk.

Kakamyrat BABANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.