Beýik görelde

13 Sentýabr 2021
879

Eýýäm birnäçe güni yzda galan täze okuw ýylynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen geçiren duşuşygynyň ýakymy kalbymyzdan heniz-heniz çykarly däl. Bu duşuşygyň goýnuna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny alyp gelen aýyň ilkinji gününe gabat gelmegi bolsa onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Talyplygyň dünýäsinden ýaňy saýlanan we hut şu şanly ýylda «mugallym» diýlen mertebeli ada mynasyp bolan ýylyňda bu täsirli çykyşy diňlemek has ýakymly eken. Hormatly Prezidentimiz, aslynda, diňe bir bu duşuşyga gatnaşyjylara däl-de, «mawy ýaýlymyň» we gazet sahypalarynyň üsti bilen tutuş ýurdumyzyň talyplarydyr okuwçylaryna täze okuw ýylynyň ilkinji sapagyny berdi. Şol gün millionlarça ýürek Gahryman Arkadagymyzy diňledi, millionlarça ýürek Gahryman Arkadagymyzyň şol duşuşykda eden çykyşyny gaýtalap-gaýtalap okaýar.

Jahan AMIRKULOWA,
Çärjew etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy.