Bilimli nesil — kuwwatly Watan

13 Sentýabr 2021
1816

Garagum etrabyndaky 2-nji orta mekdepde ýaş nesillere bilim-terbiýe bermekde mugallymlar arman-ýadaman zähmet çekýärler. Yhlasly zähmet çekip, mekdepde sylanylýan mugallymlaryň biri hem Hatyja Orazgylyjowadyr. Ol Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, ýokarda ady agzalan mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işe başlady. Mugallym 17 ýyl bäri şol mekdepde zähmet çekip, okuwçylaryň we mugallymlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Ol çagalara sapak bermekde ýörite suratlardan, şekillerden peýdalanýar. Mugallymyň görkezme esbabyndan peýdalanmagy çagalara sapagyň has-da düşnükli bolmagyna ýardam edýär.

SURATDA: sapakdan pursat.