Okuw işini döwrebap guramagyň usulyýeti

16 Sentýabr 2021
990

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň baş maksady giň dünýägaraýyşly, bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Şu maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň ýokary derejede guralmagyny talap edýär. Bu wezipeleri amal etmekde bilim işgärlerine uly jogapkärçilik degişli bolup durýar.

Häzirki wagtda bilim ojaklarynda okuw işini kämil derejede ýola goýmak üçin bilim işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Bu meselede olar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Çünki bu kitaplarda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ilhalar ynsan, başarjaň guramaçy, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň pedagogik ussatlygy, ýaş nesle bilim bermekde ulanan tärleri, baý iş tejribesi çeper beýan edilýär. Olar bolsa her bir bilim işgäri üçin görelde mekdebidir.

Gülkamar AHMEDOWA,
Gubadag etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.