Başlangyç synp okuwçylarynyň sözleýşini ösdürmek

14 Sentýabr 2021
1097

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermäge giň mümkinçilik döredilýär. Bu bolsa mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, sapaklaryny gyzykly we netijeli guramagyna oňaýly täsir edýär.

Bilim bermegiň ýörelgelerine laýyklykda, başlangyç synp mugallymlary okuwçylaryň bilesigelijilik, akyl ýetirijilik mümkinçiliklerini öwrenmäge we ösdürmäge borçludyrlar. Mugallym çagada okamak, täze-täze zatlary öwrenmek islegini döretmelidir. Olaryň beýleki okuw derslerinden hem-de durmuş tejribelerinden alan düşünjelerini, başarnyklaryny we endiklerini kämilleşdirmek üçin çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çemeleşilmelidir.

Ogulçemen MAKYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.