Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

13 Sentýabr 2021
933

Ýurdumyzda ertirki günümiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim, terbiýe bermek, zehinli, giň dünýägaraýyşly, şonuň bilen bir hatarda häzirki döwrebap tehnologiýalara erk edip bilýän kämil ýaşlary kemala getirmek meselelerine ýokary derejede üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösmegi bilen okuwçy ýaşlarymyzdan başlap talyplarymyza çenli bilim bermekde sanly bilim ulgamynyň giňişleýin ornaşdyrylmagy berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagynda, öwredilýän sapaklary ýaşlaryň çuňňur özleşdirmeginde örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bagtyýarlyk döwrümizde ähli babatda ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyz ähli ulgamlarda sanly bilim ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanylmagyny we bu babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegini ýola goýdy. Mundan başga-da, islendik pudakda, edara-kärhanada iş kagyzlarynyň, maglumatlaryň, resminamalaryň elektron görnüşe geçirilmegi işgärleriň işlerini köp babatda ýeňilleşdirýär we işlemäge has oňaýly şertleri döredýär. Sanly bilim ulgamynyň ýurdumyzyň ylym, bilim, senagat, medeniýet, saglyk ulgamlaryna, oba hojalygyna giňişleýin ornaşdyrylmagy ähli ulgamlarda işleriň ilerlemeginde, ösüşleriň gazanylmagynda, ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň artmagynda, binýadynyň berkemeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has hem ýokarlanmagynda örän uly ähmiýete eýedir.

Biz — bilim işgärleri innowasion tehnologiýalary ulanyp, indi birnäçe ýyl bäri sapaklarymyzy interaktiw tagtalarda, işjeň usullarda geçýäris. Şonuň bilen baglylykda, mekdebimizde bu barada uly işler amala aşyrylýar. Okuwçylary ders, ylym-bilim, döredijilik bäsleşiklerine taýýarlamak üçin mekdebimiz interaktiw tagtalar, kompýuter ulgamlary bilen doly derejede üpjün edilen. Bu bolsa bilim işgärine okuwçylar bilen işlemekde, olaryň sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmakda uly mümkinçilikler döredýär. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksadynda ýadawsyz aladalar edýän, halkara, sebitara derejeli ylalaşyklarda, maslahatlarda möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Jahan GENJÄÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.