Berkden tutup bilimleriň binýadyn...

13 Sentýabr 2021
979

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan toý-baýramlara baý ýylymyzda şöhratly geçmişimiziň altyn sahypalarynda beýan edilişi ýaly, ata-babalarymyzyň garaşyp hem göreşip ýeten mukaddes Garaşsyzlygyň otuzynjy güýzüniň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde umumy okuw sapagyny geçmegi aýdyň maksatly türkmen ýaşlarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýen jaýdar jümleleri agzap geçdi. Hut şoňa görä-de, ýurdumyzda milli bilim ulgamyny hem-de ýokary okuw mekdep ylmyny kämilleşdirmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen, ägirt uly işler alnyp barylýar.

Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.