Kämilligiň gözbaşy

14 Sentýabr 2021
1143

Gahryman Arkadagymyzyň 1-nji sentýabrda geçiren umumy okuw sapagy bagtyýarlyk döwrümiziň taryhy wakasyna öwrüldi. Munuň özi biziň her birimizde watansöýüjiligi has-da ösdürdi, mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan buýsanjy belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýolundaky başlangyçlary halkymyzyň şu gününe, ýagty ertirine ynamyňy berkidýär we ýüregiňde ruhubelentligi oýarýar. Biziň her birimizi ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna jan aýaman zähmet çekmäge, okamaga, gurmaga, döretmäge ruhlandyrýar. Bu işler abadançylygyň, gülläp ösmegiň, nesillerimiziň baky bagtyýar ýaşamagynyň badalgasydyr.

Milli Liderimiz halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýändigini, bilim, ylym ýolunyň kämilligiň ýoludygyny belleýär. Çünki, döwrebap bilim, ylym öwrenmek geljegimiz bolan ýaşlary sowatly, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ruhy-ahlak taýdan sagdyn, ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmegiň ygtybarly ýoludyr.

Oguljeren AMANOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň müdiri.