Bilim ojagymyz — guwanjymyz

13 Sentýabr 2021
947

Ösüp gelýän ýaş nesliň ata Watanymyza peýdaly, ilimize gerekli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaly möhüm işe mekdebimiziň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olar okuw-terbiýeçilik işlerini hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alyp, döwrebap derejede guraýarlar. Şonuň netijesinde bilim ojagymyzda okuwçylara berilýän bilimiň hili barha ýokarlanýar. Edilýän tagallalaryň ýerine düşýändigine mekdebimiziň dürli derejelerde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlik gazanýandygy hem doly şaýatlyk edýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda biziň bilim ojagymyz «Iň gowy orta mekdep» diýen at bilen welaýat derejesinde geçirilen bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldy. Mekdebimizde okuwçylara çuňňur bilim bermek, okuw-terbiýeçilik işlerini göreldeli guramak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi, otaglaryň multimediýa tagtalary, kämil kompýuterler we beýleki zerur okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilendigi bellärliklidir.

Mekdebimize indi çärýek asyra golaý wagtdan bäri «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň ussat mugallymy Annamuhammet Garaýew başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär. Ol mekdebimiziň işgärleriniň ukyp-başarnygyny öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirýär. Bu wajyp işe biziň guramamyzyň agzalarynyň işjeň gatnaşýandyklaryny hem belläsim gelýär. Ilkinji guramamyzda agzalaryň 50-ä golaýy bolup, olaryň 30-dan gowragy mugallymlardyr. Biz agzalarymyzyň yhlasly zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilmegini, olaryň hak-hukuklarynyň goralmagyny gazanmaga ýakyndan üns berýäris.

Baýramdurdy AKMÄMMEDOW,
Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.