Ruhy baýlygyň çeşmesi

14 Sentýabr 2021
877

Halkymyzyň kitaba bolan söýgüsi öz köklerini has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlarda Oguz hanyň nesilleriniň özara gatnaşykda ulanan tagmalary esasynda iň gadymy elipbiýiň döredilendigi hem-de hat-ýazuwyň oýlanyp tapylandygy barada habar berilýär. Şol ýazuw nusgalaryny ulanan ata-babalarymyz gören, eşiden, kalbynda döreden hakykatyny, oý-pikirini daşlaryň ýüzüne, agajyň gabyklaryna, bişirilen toýna, gön we mata böleklerine golýazma görnüşde beýan edipdirler. Ýazuw işini yzygiderli özleşdirmek we özgertmek bilen, dil üsti arkaly berilýän maglumatlary we bilimleri hata geçirip, olaryň gündelik ulanylmagyny, uzak aralyga iberilip, maglumat alyş-çalşygyny ýola goýupdyrlar.

Döwürleriň üýtgemegine we talabyna görä ýazgylary, hat göterijileri birleşdirmek we gaplamak bilen, gadymy halkymyz kitaplaryň döremegine uly goşant goşupdyrlar. Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň hemrasyna öwrülen, her bir setirinde ylham jümlesi jemlenen, milli ýörelgelere ýugrulan eserleri miras galdyrypdyrlar. «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitaby magşuk saý, özüňi — aşyk», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen we başga-da birnäçe paýhasly pähimleri nesillere wesýet goýupdyrlar. Kitaba deňsiz-taýsyz genji-hazyna hökmünde garan akyldarlarymyz nakyllaryň, rowaýatlaryň üsti bilen adamzat durmuşyny kitapsyz göz öňüne getirmek mümkin däldigini wagyz edipdirler. Halk döredijiliginiň «El bilen ekiler, Göz bilen orular», «Gatlak-gatlak gatlama, Her gaty bir ýatlama» diýen ýaly matallary arkaly her bir ynsanda hat-ýazuwyň, kitabyň häsiýetli alamatlaryny göz öňünde janlandyrmak endigini ösdüripdirler.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.