"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sag­ly­gym — baş baý­ly­gym

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen biziň döwletimizde her bir ynsanyň kadaly durmuşda ýaşamagy, onuň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak hem saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölekleriniň biri bolup durýar. Ynsan saglygy. Bu düşünjäniň aňyrsynda dünýäniň ähli baýlygynyň, adamzat ösüşiniň düýp özeninde durýan hereketlendiriji güýjüň jemlenýändigi, megerem, hemmelere mälim hakykatdyr. Çünki dünýäde saglyk deýin gymmatly we ähmiýetli hiç zat ýokdur. Dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak we zyýanly endiklerden daşda durmak, adama ruhy we beden taýdan sagdyn we juwan bolmaga ýardam edýär. Häzirki zaman şertlerinde ynsanyň sagdyn ruhly hem-de durmuş taýdan durnukly ösmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler jemgyýetde sagdyn şahsyýetiň kemala gelmeginiň, onuň döwrebap ösmeginiň ilkinji derejeli ätiýaçnamasy bolup durýar. Şeýle işleriň netijeli durmuşa geçirilmegi bolsa, taryhy ýörelgelerimizi özünde jemleýän milli lukmançylygyň, şol sanda halk lukmançylygynyň, sagdyn nesilleri kemala getirmegiň halkara hukuk kadalarynyň we dünýäniň oňyn tejribesiniň sazlaşykly özleşdirilmegi arkaly mümkindir.

Yssy howadan ägä boluň!

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). Gün urma, adatça, gün şöhleleriniň ýalaňaç kellä gös-göni täsiri netijesinde duýdansyz ýüze çykýar. Gün urmasynyň öňüni almak üçin gün şöhleleriniň dik düşýän wagtynda başgapsyz gezmeli däl. Ýylylyk urmasy umumy aşa gyzma netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan ýüze çykýar. Bedeniň aşa gyzmagy kellagyry, gowşaklyk, endamyň gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Eger synany sowatmak boýunça çäreler geçirilmese (salkyn, şemally ýere geçirilip, suw berilmese), ejir çekeniň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy dowam edýär we ýylylyk urmasy ýüze çykýar.

«Bir şäherde ýaşap, sataşmazlyk hiç» Sataşarys bir ýürekde ýaşasak

Ýüregim sen tarapa ýöräp barýar, özüm welin öýde. Okuwdan gelip, günortanlyk edinerime mähetdel, haýdan-haý noutbukly torbamy elime alyp, «Niredesiň, 13-lük gelýän duralgam?!» diýip, işe tarap ýelk ýasadym. Ine-de, ýetdim duralga. Howul-haralygym bilenem-ä alan galam bolmady. «13-lük ýaňyja gitdi» diýdi, bir gyz. Başladym öz etimi özüm iýip: «Hemme zat özüňden! Ýüregiň diýenini etmeseň, dagy nä gün görjekdiň?! Hakyt, iňlisleriň «Mörfiniň kanuny» diýenleri-dä! Howluganyň üçin gijä galdyň bu saparam. Daşymdan däl, içimden gürleýänimi görüp, pursatdan peýdalanan sagadam «jyk-jyk» edip ýüregime düşdi. Wiý, dur-la, dur-la, Kakamyrat aganyň diýşi ýaly, sagadam «jyk-jyk» edip, maňa: «Ýüregiňe ýakynyň seni göresi gelipdir, ýola çyk!» diýýärmikä ýa?! Ýa...» — Ana, 13-lügiň, bar ýetiş!

Baýlygymdyr jahan içre barlygyň!

Baýlygymdyr jahan içre barlygyň,Darlygyn bil, sensiz maňa bu dünýäň!Demirgazyk Antarktikaň garlarynGörsem, senli arzuwlar diýp düşünýän... Günler bagty yzly-yzna örüp ýör,Sözler ejiz wasp ederden tarypyň.Alymlaram kitap baryn dörüp, gör,Tapmadylar taýyn beýik taryhyň.

Buýsan, türkmen, öz Garaşsyz ýurduňa!

Türkmen!Seniň aslyň ataş-nardandyr,Tuguň kimin belent tutgun seriňi!Synalaryň süňkden, etden bolsa-da,Hamyrmaýaň namysdandyr, ardandyr.Bilip goý, başyna ne iş gonsa-da,Ata-babaň gysan däldir egnini! Şu Watan,                şu toprak,                               şu mesgen üçin,Ähti-peýmanyny gaýtalap pert-pert.Ganymynyň okun ýurda düşürmän,Polat gursagynda saklandyr mertler!

Watan!

Görýän nurly jemalyňy,Seretsem çar ýana, Watan!Saba öwsen şemalyňyMelhem saýýan jana, Watan! Men bir saňa waspçy aşyk,Seň goýnuňda baky ýaşlyk.Myhman gelýär menzil aşyp,Goýnuňa — bossana, Watan!

Okamak barada

Kitap — altyn gapyly ajaýyp dünýäniň açary. Kitapda bolup geçýän wakalaryň hyýaly gahrymanlar bilen janlanýandygyna seretmezden, okamak endigi her bir okyjyda adamkärçiligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. Entek harplary doly tanamaýan döwründen başlap çaganyň okamaga bolan höwesini oýarmak, onuň özüni kämilleşdirmegi babatynda aýratyn uly ähmiýete eýedir. Sebäbi näme üçinjikleriň adasyndaky çaganyň: «Men nähili adam bolmaly?», «Bu durmuşyň manysy nämede?», «Pikirlerim, gyzyklanmalarym, arzuwlarym meni nirä alyp barýar?» diýen ýaly sowallarynyň ählisiniň çözgüdi okan kitaplaryndan tapylýar. Çaganyň hyýalyndaky gahrymanlaryň gowy gylyk-häsiýetleri oňa durmuş ýodasynda duş gelen kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edýär. Akyl zähmeti bilen meşgullanýan çaga, kitap okamaýan çagalara garanyňda özüni has jogapkärçilikli we çynlakaý alyp barýar. Harplar, sözler, abzaslar, tekstler we kitaplar suw ýaly ähli ýerlere ýaýraýarlar. Biziň durmuşda görmek we düşünmek isleýän zatlarymyz şol göze görünmeýän akym bilen gelip düşýär. Gowy kitaplar hoş habarlar ýaly, örän zerurdyr. Hut şonuň üçin hem, ömürleriň kitaplar bilen badaşmagy derwaýysdyr.

Dostluk, hyzmatdaşlyk ýollary bilen

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan eziz Watanymyz — dünýädäki ähli baýlygymyz, barlygymyz, guwanjymyz, buýsanjymyz, baky aýdymymyz. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz sebitiň we yklymyň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň mizemez köprülerini gurýar. Şol maksat bilen hormatly Prezidentimiz 6-njy iýulda Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde ulag-logistika düzüminiň ösüşi bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiz iş saparynyň barşynda Garabogaz aýlagyny Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsiniň ýagdaýy hem-de aýlagyň şahasy bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara täze köprini gurmak we oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.

Ak bugdaýymyz — döwlet baýlygymyz

Irki asyrlardan başlap, tä şu günlere çenli dowam etdirilip gelinýän ata-babalarymyzyň asylly daýhançylyk däpleriniň iň naýbaşylarynyň biri-de galla ýetişdirmek. Hut şoňa görä-de, eziz Diýarymyz Türkmenistan däne önümini — bugdaýy ýetişdirmegiň iň gadymy mekany hasaplanylýar. Pederlerimiziň döwründen şu günlere çenli dowam edip gelýän bu daýhançylyk ussatlygy häzirki wagtda zamanamyzyň giň mümkinçilikleri netijesinde has-da kämilleşdirilýär. Bereketli saçagymyzyň mukaddes nygmaty — türkmen çöregi ähli öýleriň töründe giňden ýazylan desterhanlary bezeýär. Gadymy medeniýetleriň biri diýlip ykrar edilen Änew medeniýetiniň öwrenilmegi üçin Türkmenistana 1904-nji ýylda amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda birnäçe alymlardan ybarat bolan ýörite topar gelýär. Alymlar häzirki Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän Änewiň gadymy depelerinde çig kerpiçleriň galyndylarynyň arasyndan bugdaý hasylynyň däne gabyklaryny we gylçyklaryny tapyp, bu ýerde ýaşan adamlaryň däneli ekinleri ösdürip ýetişdirendiklerini subut edýärler. Alymlaryň irginsiz zähmeti netijesinde täze medeniýetiň — Änew medeniýetiniň, şeýle-de, bu ýerde ak bugdaýyň giňden ekilendiginiň üsti açylýar. Şeýlelikde, şol wakadan 100 ýyl soňra, ýagny 2004-nji ýylda Aşgabatda «Türkmenistan Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň Watanydyr» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bularyň ählisi-de Diýarymyzyň ak

Watan — mertlik mekdebi

Özerkliligini ähli zatdan üstün goýan ata-babalarymyzyň bize miras galdyran mukaddeslikleriniň biri-de, Watan öňündäki harby gulluk borjumyzdyr. Ähli döwürlerde-de Watan ynsanyň iň zerur, iň gymmatly baýlygy bolmagynda galýar. Şonuň üçinem «Gözümiziň göreji — Watan», «Ata Watan, ene toprak» diýip, öz dogduk ülkämizi başa täç etmek asyrlaryň jümmüşinden parran geçip, taryhyň gatlaryndan şu günümize gelip ýeten mukaddes düşünjelerdir. Hormatly Prezidentimiziň 1-nji iýulda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi hem şol mukaddes düşünjä eýerip, watanperwerlik duýgusyna ýugrulan, ençeme ýyldan bäri dowam edip gelýän adyl syýasatymyzyň öz beýanyny tapýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Öz halkynyň taryhyna bolan gyzyklanma, raýatlyk we harby borjuny hem-de kanuny borçlaryny ýerine ýetirmäge ymtylyş, medeni-ahlak gymmatlyklara hormat goýmak, milli mirasy sarpalamak, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak höwesi ýaşlarda Watana bolan söýgini, geljege bolan ynamy has-da ýokarlandyrýar. Şonuň esasynda bolsa Watan gülleýär, Watanyň ertirki kuwwaty has-da berkeýär.

«Altyn ýyldyz» — altyn nesilleriň dynç alyş merkezi

Şahandaz illi Watanymyzyň her bir güni goşa toý, goşa baýram. Älemi haýrana galdyryp tutulýan türkmen toýlarynyň islendik bir görnüşi: ha bäbek toýy, ha durmuş toýy, ha-da ak goýun toýy bolsun parhy ýok, ählisinde-de «Sallançagyňyzyň bady ýatmasyn!», «Çagajyklaryňyzyň şadyýan gülki sesleri belentden-belent ýaňlansyn!», «Nesil dowamatyňyz örňesin!» diýen ýaly ýaş nesillere bolan söýginiň näderejede ýokarydygyny görkezýän süýjüden-süýji arzuwlar edilýär. Şeýle arzuwlary diňlän pursadyň şol arzuwlaryň wysaly netijesinde bady ýatmaýan sallançaklarda balalaryny: Epilýänçä bil, balam,Bir dilegim, bil, balam,Maňa köp zat gerek däl,Köpüň ogly bol, balam —

Sport — sagdynlygyň gözbaşy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerinde eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilýän sepgitleriň özi bagtlylykdan nyşan. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpugurly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda sport ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň etmek has-da ýakymly. Milli Liderimiziň başda durmagynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler örän bimöçberdir. Gahryman Arkadagymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy bize görelde mekdebi bolup durýar. Sebäbi sport bilen yzygiderli meşgullanmak ähli ýaşdaky adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmeklerine, bedenleriniň berkemegine ýardam edýär. Yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamda oňyn şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketleriniň kemala gelmegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Parahatçylyk — bagtyýarlygyň binýady

Taryhyň zerewşan sahypalaryna nazar aýlap, halkymyzyň geçen ýollaryna ser salsak, ata-babalarymyzyň islendik ýagdaýda hem parahatçylyk ýoly bilen ylalaşyga gelendiklerine göz ýetirmek bolýar. Şeýle asylly ýörelgeler ata-babalarymyzdan miras galyp, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy ýola goýmak babatda ägirt uly hyzmatlary bitiren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem öz gymmatyny, oňaýly täsirini ýitirmän gelýär. Bu aýdanlarymyza Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr goýmagy türkmen halkyna taryhyň özi öwretdi. Bize özümizi bitewi halk hökmünde gorap saklamaga, milli döwleti we özygtyýarlylygymyzy, özboluşlylygymyzy, mertebämizi we özbaşdak ösüşe bolan hukugymyzy gorap saklamaga mümkinçilik beren syýasy ugruň saýlanyp alynmagyny hem taryh öňden kesgitländir» diýen parasatly sözler aýdyň şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň, 2020-nji ýylyň dekabrynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde Bitaraplyk syýasatynyň orn

Döredijilik duşuşygy

Ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Medeniýet öýünde harby talyplar bilen medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik duşuşygy geçirildi. Turuwbaşdan uly ruhubelentlilige beslenen bu medeni çärede «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Akmyrat Hojanyýazow, «Bereketli toprak» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Altyn Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahna ussady Döwran Hojageldiýew, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Kakajan Tüýliýew, şeýle-de harby ýokary okuw mekdebimiziň şu ýylky uçurymy, leýtenant Öwezgeldi Gylyçtaganow dagy täsirli çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda medeniýet we sungat ussatlaryna goýulýan sarpa, türkmen şygryýetiniň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň edebi mirasynyň häzirki wagtda ylmy esasda öwrenilişi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Hukuk düşünjeleri artdyryldy

Golaýda podpolkownik Şyhmyrat Öräýewiň serkerdelik edýän harby bölümine degişli bolan podpolkownik Orazgeldi Kulhanowyň serkerdelik edýän batalýonynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor Ahmet Nazarowyň ýolbaşçylygynda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Konstitusiýa — biziň Esasy Kanunymyz» atly terbiýeçilik agşamy geçirildi. Bu çäre etrabyň merkezi kitaphanasynyň binýadynda guraldy. Çärede çagyryş boýunça harby gullukçylardan — kiçi seržantlar Taýly Togalakow, Resul Oraznepesow, esgerler Allaberdi Möwlamow, Adylbek Öwezniýazow dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Şeýle-de bu ýerde guralan kitap sergisi harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy. Çärä gatnaşan harby gullukçylar ýurt asudalygy üçin bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Guwanç BERDIÝEW, kapitan.

Öýleriň bezegi — «Aýbölek»

Oňyn özgertmeleriň giň gerimleýin amal edilýän ajaýyp zamanasynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işewürleriň işleriniň ilerlemegine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Şonuň netijesinde häzirki wagtda hususyýetçilige döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmet çekýän telekeçilerimiziň öndürýän önümleri dünýä bazarlarynda giň alyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanylýar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň ýurdumyza getirilýän önümleriň ornuny tutmak bilen, daşary ýurt bazarlarynda-da mynasyp orun tapmagy her bir türkmenistanlyny çäksiz buýsanja besleýär. Çagalykda agaçlardan dürli önümleri ýasamaga bolan arzuwymyň ýetginjeklikde, ýetginjekkäm şahsy mebel dükanyny açmaga bolan islegimiň kämillikde wysalyna gowuşandygyny ýatlamak ähli türkmenistanlynyň ýüreginde hemişelik ýaşaýan «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr» diýen jümläni biygtyýar dilime getirýär.

Türkmen alabaýy — milli buýsanjymyz

Türkmen halkynyň seçgiçilik sungatynyň dür-hazynasy, milli buýsanjymyza öwrülen türkmen alabaýlarynyň sarpasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belentde tutulýar. Asyrlaryň dowamynda görenleri özüniň haýbaty, üşükliligi, gaýraty, güýç-kuwwaty bilen haýrana galdyran alabaý itlerimiziň tohum itleriň iň gadymy neslindendigini bu gün tutuş dünýä ykrar edýär. Halkymyzyň durmuşynda türkmen alabaýlarynyň aýratyn orun tutýandygy hakynda Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Mälim bolşy ýaly, ýiti zehinli seýisleriň tagallasy bilen halkymyz ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy, şikär guşlary ýaly dünýäde deňi-taýy bolmadyk gymmatlyklary döretdi» diýip, örän ýerlikli belläp geçýär. Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy türkmen halkynyň wepaly dosty, agzybir öýüniň diregi, bagtyýar hojalygynyň goragçysy, durmuş menzillerinde ýoldaşy. Olar her bir türkmen ojagyna parahatlyk, bagt, bolelinlik, rysgal-bereket getirýärler. Eýesini hiç wagt ýeke goýmaýarlar, sabyr-takatly, gaýduwsyz ýoldaş hökmünde eýesine hemişelik baglanýarlar. Türkmen alabaýy her bir pursatda eýesine wepalylygyň, boýunegijiligiň ýokary derejesini görkezýär. Onuň özüne ynamlylygy, soňky demine çenli ýaşamaga bolan gaýraty niçeme ýyrtyjy haýwanlary haýykdyrýar. Olaryň çopan goşuna, oba-kende golaýlaşmagyna maý bermeýär. Türkmen alabaýynyň şeýle derejä ýetmeginde halkymyzyň milli

Ýiti respirator keselleriň öňüni almak üçin maslahatlar

Eýsem, ýiti respirator keseli näme? Näsagyň 38-390С çenli gyzdyrmagy, aýratyn hem bu alamatyň ysgynsyzlyk, gowşaklyk, burun dykylma, üsgülewük, kelläniň, bogunlaryň, myşsalaryň agyrmagy ýaly alamatlar bilen ýiti respirator wirus ýokançlary, şeýle hem burun akma, burun-bokurdagyň guramagy, sesiň gyrylmagy, üsgülewük ýaly kataral alamatlary ýüze çykýar. Bulardan başga-da, bokurdagyň, gözleriň, ýüzüň gyzarmagy, çişmegi mümkin. Kellede, bogunlarda, myşsalarda güýçli agyrynyň döremegi, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, üsgülewük ýaly alamatlar peýda bolanda, ilkinji nobatda, lukmana ýüz tutmaly. Bu kesel howa-damja ýoly bilen hem-de durmuş gatnaşyklary arkaly ýokuşyp, köpçüligiň arasynda örän çalt ýaýraýar. Irden saçlary ýuwup, oňat guramanka daşary çykmak ýa-da şemalyň gabadynda oturmak, buz ýaly sowuk suw içmek, sowadyjyda duran iýmit önümini ýylatman iýmek ýaly hereketleri käbir adamlarda bedeniň aşa köp sowamagyna hem-de käte bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagyna getirip bilýär. Olar şeýle ýagdaýlarda sowuklama ýa-da başga bir ýiti respirator wirusly keseline duçar bolýarlar. Lukman bilen maslahatlaşman, derman kabul edýärler. Islendik ýagdaýda-da derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan ätiýaçly bolmaly. Sebäbi haýsydyr bir derman näsaglaryň birine kömek etse, beýleki birine ýaramaz täsir edip bilýär. Şoňa görä-de, derman serişdelerini ulanmaga zerurlyk ý

Yssy howadan ägä boluň!

Yssy howada daşky gurşawyň ýokary gyzgynlygynyň täsiri harby gullugy alyp barmakda çäklendirme döredýän esasy delilleriň biri bolup durýar. Daşky gurşawyň gyzmagy bilen uýgunlaşmadyk synada ýylylyk çalyşma (termoregulýasiýa) hadysasynyň bozulmagy netijesinde dürli agyrlyk derejesinde Gün we ýylylyk urma ýagdaýy döreýär. Şeýle patologik ýagdaý dünýäniň yssy klimatly ýurtlarynyň adamlarynyň arasynda ýygy duş gelýär. Gün we ýylylyk zeperlenmesiniň anyklanylyşy, etiopatogenetiki bejergisiniň usullaryny işläp düzmek we kämilleşdirmek şu günki güne çenli wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Gün we ýylylyk urmasy yssy howa şertlerinde bedene ýeterlik derejede suwuň ýetmezçiligi netijesinde döreýär. Yssy howada teşnelik derejesi bedende ýitirilen suwuň öwezini dolmak üçin zerur bolan suwuklygyň mukdaryna gönümel bagly bolmaýar. Adam yssy howa şertlerinde fiziki zähmet çekýän wagtynda derlemek arkaly ýitiren suwunyň bary-ýogy ýarysyny içýär. Yssy howanyň täsirinde açyk meýdan şertlerinde we daglyk, çöllük ýerlerde ýokary fiziki işjeňlik ýagdaýynda çenden aşa derlemek, şeýle hem beýik ýerlere çykylanynda dem alşyň ýygylaşmagy bilen beden suwuklygynyň köp mukdary ýitirilýär. Adam bedeniniň dürli ýerlerinde 1,5 million töweregi der mäzleri bolup, olar umumy suw-duz çalşygyna gatnaşýar. Bölünip çykan deriň esasy bölegi (90 göterimi) suwdan ybarat bolup, 1 göterimi organiki we organiki däl

Marguş — ösen syýahatçylyk merkezi

Islendik döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyndan, baý geçmiş taryhyndan, kuwwatly ösüşlerinden we geljekki menzillerinden habarly bolmak üçin şol ýurtda syýahatda bolmak ýeterlik. Sebäbi şowly syýahat netijesinde şol ýurdy hemmetaraplaýyn öwrenmäge we özüňde ajaýyp pursatlary galdyrmaga oňaýly mümkinçilik döreýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 27-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda paýhasly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklaryny, halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly däp-dessurlaryny gorap saklamak, şeýle hem olary ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny bellemegi, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynyň ösüşine hem-de geljekde amal edilmeli işlere uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şu aýdylanlardan ugur alyp, berkarar Watanymyzyň syýahatçylyk üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek we halkara derejesinde ýaýmak döwrüň möhüm meseleleriniň biridir. Taryh — geçmişden galan ýadygärlik, nesillere miras galjak maddy we ruhy baýlyk. Syýahatçylygyň aýry-aýry görnüşleriniň arasynda hem medeni-öwrenijilik syýahatçylygyna möhüm orun degişlidir. Bu syýahatçylyk taryhy-medeni ähmiýetli gymmatlyklara baryp görmek, öwrenmek we medeni çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyrylýar. Dünýä syýahatçylarynyň syýahatsöýer kalbyna ruhy lezzet paýlaýan ýerler hem,