Türkmen alabaýy — milli buýsanjymyz

7 Iýul 2021
610

Türkmen halkynyň seçgiçilik sungatynyň dür-hazynasy, milli buýsanjymyza öwrülen türkmen alabaýlarynyň sarpasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belentde tutulýar. Asyrlaryň dowamynda görenleri özüniň haýbaty, üşükliligi, gaýraty, güýç-kuwwaty bilen haýrana galdyran alabaý itlerimiziň tohum itleriň iň gadymy neslindendigini bu gün tutuş dünýä ykrar edýär. Halkymyzyň durmuşynda türkmen alabaýlarynyň aýratyn orun tutýandygy hakynda Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Mälim bolşy ýaly, ýiti zehinli seýisleriň tagallasy bilen halkymyz ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy, şikär guşlary ýaly dünýäde deňi-taýy bolmadyk gymmatlyklary döretdi» diýip, örän ýerlikli belläp geçýär. Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy türkmen halkynyň wepaly dosty, agzybir öýüniň diregi, bagtyýar hojalygynyň goragçysy, durmuş menzillerinde ýoldaşy. Olar her bir türkmen ojagyna parahatlyk, bagt, bolelinlik, rysgal-bereket getirýärler. Eýesini hiç wagt ýeke goýmaýarlar, sabyr-takatly, gaýduwsyz ýoldaş hökmünde eýesine hemişelik baglanýarlar.

Türkmen alabaýy her bir pursatda eýesine wepalylygyň, boýunegijiligiň ýokary derejesini görkezýär. Onuň özüne ynamlylygy, soňky demine çenli ýaşamaga bolan gaýraty niçeme ýyrtyjy haýwanlary haýykdyrýar. Olaryň çopan goşuna, oba-kende golaýlaşmagyna maý bermeýär. Türkmen alabaýynyň şeýle derejä ýetmeginde halkymyzyň milli seçgiçilik mekdebiniň hem örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki şol mekdepde alabaýa ýönekeý bir it hökmünde däl-de, eýsem, mähriban dost, hemra hökmünde garap, ony terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn orun berlipdir.

Mähri GAÝYPOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.