«Bir şäherde ýaşap, sataşmazlyk hiç» Sataşarys bir ýürekde ýaşasak

14 Iýul 2021
847

Ýüregim sen tarapa ýöräp barýar, özüm welin öýde. Okuwdan gelip, günortanlyk edinerime mähetdel, haýdan-haý noutbukly torbamy elime alyp, «Niredesiň, 13-lük gelýän duralgam?!» diýip, işe tarap ýelk ýasadym. Ine-de, ýetdim duralga. Howul-haralygym bilenem-ä alan galam bolmady. «13-lük ýaňyja gitdi» diýdi, bir gyz. Başladym öz etimi özüm iýip: «Hemme zat özüňden! Ýüregiň diýenini etmeseň, dagy nä gün görjekdiň?! Hakyt, iňlisleriň «Mörfiniň kanuny» diýenleri-dä! Howluganyň üçin gijä galdyň bu saparam. Daşymdan däl, içimden gürleýänimi görüp, pursatdan peýdalanan sagadam «jyk-jyk» edip ýüregime düşdi. Wiý, dur-la, dur-la, Kakamyrat aganyň diýşi ýaly, sagadam «jyk-jyk» edip, maňa: «Ýüregiňe ýakynyň seni göresi gelipdir, ýola çyk!» diýýärmikä ýa?! Ýa...»

— Ana, 13-lügiň, bar ýetiş!

Sül­gün BA­ZA­RO­WA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by, «Es­ger».