"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Döwlet guşy» romanynda Watana bolan päk söýginiň beýany

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmençilik ýol-ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda edep-terbiýe äheňindäki garaýyşlar bilen dürdäne eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halky edep-terbiýäni hemişe ulyny sylamakdan, ony sarpalamakdan başlapdyr. «Döwlet guşy» romanynda hem özüňden ulyny sylamagyň, ony mertebelemegiň edep dessuryny baş gahrymanyň — on bir ýaşly Mälikgulynyň hereketlerinde görmek bolýar. Eserde Mälikguly kakasy Berdimuhamet agany tüýs ýüreginden sylap, oňa hormat goýup, kakasynyň aýdan her bir sözüni üns berip diňläp we şol öwüt-ündewi berk tutmaga we ony berjaý etmäge çalyşýar. Ata pendini durmuşda amala aşyryp, şol pende hem eýerip ýaşan Mälikguly uruş döwrüniň kynçylyklaryny mertlik bilen ýeňip geçipdir. Ata pendine durmuş tejribesiniň synagyndan üstünlikli geçen pähim-parasadyna eýerip, agyr uruş ýyllarynda oba adamlary bilen bir jan, bir ten bolup ýaşan ýaşajyk Mälikgulynyň obada hormaty uly bolup, ol uly adamlar ýaly sylaga eýe bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» atly romany halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Sebäbi eziz Arkadagymyzyň bu romanynda ynamyň adamyň durmuşynda esasy güýçdügi, söýginiň güýjüniň Watana, ata-enä bolan söýgüden gözbaş alýandygy, ynamyň we söýginiň ruhy dünýämize ganat berýändigi sazlaşykly görkezilýär. Eserde Gahryman Arkadagymyz mähriban kyblasy Mälikguly aganyň 1941 — 1945-nji

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda nesil terbiýesi

Türkmen halkymyz taryhyň gatlarynda milli aýratynlyklary bilen tanalyp, öz gazanan ruhy hazynasyny biziň döwrümize çenli halk hakydasy bilen sünnäläp getiripdir. Halkymyzyň ruhy hazynasy bolsa nesilden-nesle geçip, her nesil öz geljegini kämil esasda ýetişdirmek üçin terbiýeçilik işlerine aýratyn üns beripdir. Bu ugurda nusgawy şahyrlarymyzyň hem aýratyn orny bar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň asyrlaryň dowamynda özüniň gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen halkymyzyň hem-de dünýä halklarynyň ýürek töründe baky orny bar. Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» diýip belleýär. Hakykatdan hem, halkymyzyň beýikligini dünýä ýaýan akyldar şahyrymyz tutuş adamzat kalbynyň ruhy lukmany. Akyldar şahyr öz döredijiliginde adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna degişli parasatly düşünjeleri şygyrlaryna siňdirip, bahasyna ýetip bolmajak ruhy baýlyklary halkymyza miras galdyrypdyr. Dünýä belli alymlar, magtymgulyşynaslar Magtymguly atamyzyň döredijiligini Jemşidiň jamyna deňeýär. Rowaýatlardan mälim bolşy ýaly, Jemşit şanyň tylla jamyna seredeniňde dünýäniň çar künjegi görnüp durar eken. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem durmuşyň ähli meselelerine degişli temalar öz beýanyny tapýar. Akyldar şahyryň döredijiliginde öwüt-nesihat, watançylyk, agzybirlik, dost-doganlyk, zähmetsöýerlik ýaly durmuşy temalara degişli meseleler eriş-argaç bolup geçýär.

Tämizlik, sagdyn iýmitlenmek eşretli ýaşaýşyň gözbaşydyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde dünýäde emele gelen epidemiologik ýagdaýlar zerarly adamyň jan saglygy üçin howply ýokanç keselleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, iri möçberli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maşgala lukmanlary we şepagat uýalary özleriniň hyzmat edýän çäklerinde, edara-kärhanalarda, mekdep okuwçylarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň, sagdyn iýmitlenmegiň saglyga peýdaly tarapy barada giňişleýin wagyz-nesihat işlerini geçirýärler hem-de degerli maslahatlar berip, gürrüňdeş bolýarlar. Şonuň netijesinde-de, keselleriň öňüni almakda ilat arasynda her bir raýatyň aňynda sagdyn düşünje kemala geldi. Islendik keseliň öňüni almak üçin oňa ünssüz garamak, özbaşdak bejergi almak, ony aýak üstünde geçirmek bolmaýar. Beýle ýagdaýda adamyň saglygyna uly zyýan ýetýär hem-de keseliň daş-töwerekdäki adamlara ýokuşmagyna şert döreýär. Eger-de öňden gipertoniýa, süýjüli diabet, ýürek-damar ýa-da başga-da dowamly keselleri bar bolan adamlara möwsümleýin kesel ýokuşsa, olarda gaýra üzülmeler ýüze çykýar. Şonuň üçin hökmany suratda öňüni alyş sanjymlaryny kabul edip, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwup du

Ýadymda

Ýadymda, çagakak ir säher bilenEjem jan demlärdi süýtli çaýyny.Hem aýryp goýardy aýratyn jamdaHer kime bermeli gaýmak paýyny. Baldyr mürepbesin goýardy orta,Hem orta goýardy elin mesgesin.Çalyp saçakdaky myssyk çörege,Höwes bilen iýerdik biz hemmesin.

Diýip bolmaz

Ýürekdäki gussa bilen,Saňa şygyr ýazyp bolmaz.Sensizligi öz-özüme, Jeza diýip, dözüp bolmaz. Ýaşalmadyk günler hakda Takmyn baryn kylyp bolmaz.Perwaz eýlän akja guşuňGanatlaryn gyryp bolmaz.

Gyz joşguny

Ýörün ýat gözlerden bakyşyň gözläp, Ýa sen duýaňokmy ýürek urşumy?!Bagtly günleň gelerine garaşýan,Ýa-da yşk ajysy diýilýän şumy?! Gyzlyk haýam böwet bolýar ýoluma,Ýeller bilen uçjak bolsam sen sary.Eý, säherde dogan çogly Güneşim,Hem nura gark bolan ullakan panym.

Çagalyk dostuma hat

Çagalyk dostum! Şu wagt nämüçindir çagalyk dünýäme dolanasym, ondaky ýatlamalary seniň bilen ýatlap, bile paýlaşasym geldi. Ýaňy mekdebe gatnap, bilim dünýäsine ilki gadam basan döwürlerimiz ýadyňdamy? Elbetde, ýadyňdadyr. Sebäbi ol günler biziň çagalygymyzyň iň bir süýji pursatlary ahyry! Men ol wagtlar ýaňy gulpagy örüme ýeten gyzjagaz bolsam, sen kiçijik oglanjykdyň. Bile oýnardyk, bileje mekdebe gatnardyk, hatda öý işlerimizem agzybirje, bilelikde ýerine ýetirerdik. Haýsymyz ýumuşlary ilkinji ýerine ýetirsek, özümizi iň bäşlikçi okuwçy saýardyk. Iň esasy zat bolsa, birek-biregi goldanymyzda biziň çaga göwnümiz şeýle bir şatlanardy welin, mugallymymyz bize mylaýym nazar bilen serederdi.

Şowsuzlyk — şowlulyga eltýän ýol

Üstünlik köp ýollary söküp geçmekden başlanýar. Emma kähalatlarda durmuşda şowsuzlyklara-da gabat gelmek bolýar. Meselem, men işde hem, şahsy durmuşymda hem köp şowsuzlyklara duçar boldum. Öňler näme üçin şeýle bolýar diýip haýran galardym. Ýöne indi düşünip ugradym. Şowsuzlyk — uly üstünlikleriň esasy ýol görkezijisi hasaplanylýar. Şowsuzlyk — üstünligiň ganaty, ruhudyr. Şowsuzlyk — her birimiziň taplanmagymyz üçin tejribeler toplumydyr. Ol — dogry ýolundan sowlan we egrelen maksatlarymyzy düzedýän güýç, üstünlik üçin düýp esas we özendir. Dewid Kelli: «Näçe tiz ýalňyşsaňyz — şonça-da tiz üstünlige ýetersiňiz» diýip, örän dogry belleýär. Siz öz öýüňizde asuda oturyp, üstünlik gazanyp bilmersiňiz. Kim töwekgelçilik etmese, üstünlik gazanmaýar. Siz öz arzuwlaryňyzyň yzyndan ylgap, näçe köp töwekgelçilik etseňiz, şonça-da köp şowsuzlyga uçrarsyňyz. Şowsuzlyklaryň beren sapaklary bolsa sizi üstünlige ýetirer. Adamlaryň käbiri durmuşynyň manysyz geçýändiginden bihabar. Olar ýigrimi ýyl şol bir ýoldan ýöräp, şol bir gürrüňi, şol bir pikirleniş endigi bilen ýaşap bilýärler. Men olary tankytlamakçy däl. Ýöne az hereket edip, az netije gazanylýar. Eýnşteýn: «Diňe şol bir hereketi gaýtalap, her dürli netijä garaşmak akylsyzlyk» diýip baha berýär.

Ýagşylyk et, derýa at

Bir adam meşiklerini suwdan dolduryp, düýesine ýükläp, çölüň içinden gidip barýarmyş. Şol barşyna onuň öňünden bir kişi çykyp, salamlaşandan soňra: — Ýagşy adam, meşikleriňdäki suwdan maňa bir owurt suw beräý — diýipdir. Düýäniň başyny çekip barýan adam:

Toýlar toýlara ulaşýar, aýdymlar belentden joşýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň şanyna Jeýhun bilen bahry-Hazar arasynda tutulýan baýramçylyk dabaralary göwünleri joşa getirýär. 14-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasy we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýy açylyp ulanylmaga berildi hem-de Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy milli Liderimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň ykraryna we goldawyna eýe bolýan netijeli başlangyçlary sebit we ählumumy derejede abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak ugrunda ýurdumyzyň örän uly ulag-üstaşyr kuwwatyny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän, ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan ugurdaş multimodal düzümler döredilýär. Şeýle hem raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täzeleri gurulýar.

Aýdyň maksatlar, guwandyryjy netijeler, nusgalyk ösüşler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her güni bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ýakynlaşdyrýar. Şu ýylyň 9-njy iýulynda bolsa hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şanly ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de amala aşyrylan işlere baha berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda milli Liderimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri kesgitledi. Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiziň ornuny berkitmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp barylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, daşary syýasatymyz hem üýtgewsiz dowam edýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyl

Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy — mö­hüm ugur

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da eziz Wa­ta­ny­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­na yk­jam taý­ýar­lyk gör­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len giň hem-de kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­lar Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk we gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pä­him-paý­ha­sy bi­len, ýur­du­myz hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da iş­jeň or­ny eýe­läp, pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy hem-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek işin­de bu dü­züm­le­riň kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Da­şky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­ga­ta aýaw­ly ga­ra­mak, onuň gö­zel­lik­le­ri­ni we baý­lyk­la­ry­ny gel­jek­ki ne­sil­ler üçin go­rap sak­la­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa howpsuzlygyna adam­la­ryň aba­dan

Ga­raş­syz­lyk — asu­da­ly­gyň hem pa­ra­hat­çy­ly­gyň baý­ra­my

Garaşsyzlyk güni — biziň baş baýramymyz, özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi hem-de milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir adamda watançylyk duýgusyny oýarýan mukaddes düşünjedir. Bu düşünje özünde ägirt uly many-mazmuny jemläp, Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine nazar aýlamaga ýardam edýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyň nurana ýoly bilen ynamly öňe gidip, kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tutuş dünýäde abraýyny ýylsaýyn belende galdyrýar. Milli Liderimiziň Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan oňyn başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýyl döwletimiziň we halkymyzyň taryhynda ykbal çözüji sene bolan Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy giňden baýram edilýär. Indi 30 ýyl bäri ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly, köpasyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen, ynamly gadam urýar. Häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň şöhratly işler, beýik başlangyçlar, arzyly sepgitler we uly üstünlikler bilen beslenen täze taryhyny ýazýar.

Hünär kämilleşdiriş okuwy tamamlandy

Ýurdumyz özüniň bagtyýar geljegini ylymly, bilimli nesillere baglamak bilen, eziz Diýarymyzda dürli ulgamlar boýunça ýokary derejeli bilimli hem öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda uly özgertmeli işleri alyp barýar. Şeýle işler diňe bir bellenilen ugurlarda alnyp barylman, eýsem, asudalygyň üpjün edilmegi babatynda hem uly ähmiýete eýedir. Hemmämize mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary bilimli harby hünärmenleri, şol sanda dost-doganlyk serhedimiziň goragynda gulluk alyp barjak serhetçi serkerdeleri ýetişdirmek, olaryň harby gullugy geçýän döwründe hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça hem işler utgaşykly alnyp barylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Serhet institutynda serhet galasynyň serkerdesiniň wezipesine taýýarlaýyş ugry boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny tamamlan serkerdelere ýörite şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr. Serhet galasynyň serkerdesi wezipesine belleniljek serkerdeler bellenen möhletde Döwlet serhediniň ygtybarly goragyny üpjün etmäge gönükdirilen ugurlaryň ählisi boýunça okap, hünär derejelerini kämilleşdirdiler. Olar bilen tassyklanan meýilnama hem-de reje esasynda tejribeli serkerdeler tarapyndan amaly hem-de görkezme usulynda okuw sapaklary geçirildi. Serkerdelerden okuw möwsüminiň ahyrynda synaglar kabul edildi we olar hünär

Sanly ulgamyň ösüşi

Ýurdumyzyň sanly ulgamyny uzak möhletleýin esasda ösdürmegiň esasy strategiki wezipeleriniň biri häzirki zaman täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bu ulgamyň işini has-da ilerletmekden ybarat bolup durýar. Sanly ulgam häzirki zaman ykdysady ösüşiniň täze düzüm bölegi bolmak bilen, onuň tehnologiýalarynyň işe ornaşdyrylmagy jemgyýetiň maglumatlary peýdalanmakdaky hajatlaryny doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen baglylykda ýokary tehnologiýaly, innowasion häsiýetli sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmegiň ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Häzirki wagtda innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ykdysady tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, sanly ulgam durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamyny döretmek bilen, internetiň giň mümkinçiliklerine hem daýanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi, maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga-da oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki zaman şertlerinde maglumat tehnologiýalaryndan üstünlikli peýdalanmagyň durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny, uzak möhletl

Watanyň goragy —mukaddesligiň goragy

Dünýä inip, Watanyň mylaýym howasyndan dem alyp, gözümizi açyp, dünýäni gören, dil bitiren pursatlarymyza, ilkinji şatlygymyza şärik bolan ene topragymyzyň mukaddesliginiň bahasy ýokdur. Edil şonuň ýaly, ata Watany, ene topragy jandan söýmekden, onuň her bir daban ýerini gözüň göreji ýaly goramakdan ötri mukaddes borç hem ýok bolsa gerek! Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Watançylygyň, batyrlygyň, kasama, Watana wepalylygyň we adamkärçiligiň ajaýyp nusgalaryny görkezip, döwletimiziň serhedini goramagyň siziň mukaddes borjuňyzdygyny ýatdan çykarmaly dälsiňiz» diýip belleýär. Şeýle parasatly sözlerden ruhlanyp, mukaddes ýaşyl Tuguň synyndan öpüp, Watanyň, halkyň öňünde harby kasam kabul etmek her bir gerçek ýigit üçin belent mertebedir. Şöhratly pederlerimiziň edermenligini, gaýduwsyzlygyny, batyrlygyny hemişe özlerine nusgalyk ýörelge edinýän, gözleri dogumdan uçganaklaýan ýaş watançylar dabaraly ýagdaýda harby kasam kabul etdiler. Gahryman pederlerimizden gelýän kasam kabul etmek ýörelgesini mynasyp dowam etdirmek, harby kasama ygrarly bolmak her bir Watan goragçysy üçin aýratyn mertebedir. Şöhratly taryhymyzda pederlerimiz mertlik, lebzihalallyk, kasama wepalylyk ýörelgelerini asyrlardan-asyrlara geçirip, watansöýüji nesilleri terbiýeläpdirler. Watan goragy — keremli topragymyza tagzym edip, mukaddes ýaşyl Tugumyzy dyz epip öpülen mukaddes harby kasamdan başlanýar. Türkmen ýi

«Mukaddes borç»

Golaýda şeýle at bilen Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýylyň ýaz möwsüminde harby gulluga çagyrylan çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Erkin Kösäýewiň, TDP-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap komitetiniň bölüm müdiri Wepa Berdiýewiň hem-de başga-da birnäçe myhmanlar bilen birlikde serhetçi serkerdeleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Watan ezizligi, onuň goragynyň mukaddesligi barada täsirli gürrüň berdiler. Şeýle-de çäräniň dowamynda döwletimiziň asuda serhetlerinde berk durup, hormatly Prezidentimize, eziz Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmegiň belent borçdugy anyk delilleriň, watansöýüjilige ýugrulan rowaýatlaryň üsti bilen düşündirildi. Duşuşygyň ahyrynda serhetçileriň durmuşyndan taýýarlanan birnäçe gyzykly wideoşekiller hem görkezildi.

Serkerdeler bilen maslahat

Ýakynda polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda harby bölümleriň serkerdeleri bilen maslahat guraldy. Maslahatda harby gullukçylaryň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, terbiýeçilik ulgamynda geçirilýän işleriň hilini has-da kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan hem-de şahsy düzümi belent watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň watançylyk goşgulary boýunça çeper okaýyş agşamlaryny, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplaryndaky öwüt-nesihatlaryň, çuňňur pentleriň, watançylyk sargytlaryň many-mazmunyny beýan edýän wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmek serkerdelere tabşyryldy. Oňa gatnaşanlar ýurt asudalygy üçin bimöçber tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Begenç ROZYPÄLWANOW,kapitan.

Türkmen medeniýetiniň bagtyýarlyk döwri

Baý taryhy medeniýetimiziň häzirki döwürde has giňden çuňlaşdyrylyp öwrenilmegi döwletimiziň, halkymyzyň medeniýetiniň dünýä derejesinde has-da giňden tanalmagy üçin örän möhüm esas bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baý taryhy medeniýetimizi öwrenmek, medeniýetiň täze ösüşlerine ýetmek babatynda alyp barýan döwlet syýasaty möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýet, bilim, binagärçilik pudaklary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyny ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, türkmeniň gadymy hem müdimi taryhy medeniýetini, sungatyny, galyberse-de, geçmiş edebiýatynyň üstüni häzirki zaman täze hem döwrebap eserler bilen doldurmak oňa aýratyn öwüşgin çaýyp, ony has-da baýlaşdyrmak ugrunda örän tutanýerli işler alnyp barylýar. Türkmen medeniýetiniň häzirki zaman medeni ugurlaryna ünsi çekip, raýatlarymyzyň baý medeni ruhly, watançy, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda geçirilýän çäreler, wagyz-nesihat işleri örän ýokary derejede alnyp barylýar. Milli Liderimiziň: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen parasatly jümleleri halkymyzyň däp-dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň, watansöýüjiliginiň medeniýet bilen aýrylmaz baglanyşyklydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Nakgaşçylyk sungatynda zenan edermenligi

Zenanyň watançylyk duýgusynyň kämilligi onuň dünýäsiniň özboluşly duýgusyny, garaýyşlaryny synlanyňda, öý-ojak aladasyny göz öňünde tutanyňda hem aýdyň görünýär. Olarda ene mähribanlygy bilen birlikde öz ýakynlaryna ýiti hamraklyk bar. Häzirki döwürde hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň ýurdumyzda zenanlarymyzyň ruhy-ahlak, paýhas we zähmet mümkinçiliklerine ýokary baha berilýär. Taryhdan bilşimiz ýaly, türkmen zenanlary diňe bir hojalyk işleri bilen meşgullanman, eýsem, duşman gelse, oňa berk gaýtawul berip, öz ojagyny goramagy hem başarypdyrlar. Öz çagasyny ýelden, suwdan apalaýan eneleriň öz topragyny goramaly ýerinde hem berk durandygy barada ençeme rowaýatlar, taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Hut öz topragyny mähriban çagasy dek berk goramagy başaran eneleriň hormaty «Ata — Watan, ene — toprak» diýen gymmatly jümlede jemlenendir.