Watanyň goragy —mukaddesligiň goragy

14 Iýul 2021
768

Dünýä inip, Watanyň mylaýym howasyndan dem alyp, gözümizi açyp, dünýäni gören, dil bitiren pursatlarymyza, ilkinji şatlygymyza şärik bolan ene topragymyzyň mukaddesliginiň bahasy ýokdur. Edil şonuň ýaly, ata Watany, ene topragy jandan söýmekden, onuň her bir daban ýerini gözüň göreji ýaly goramakdan ötri mukaddes borç hem ýok bolsa gerek! Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Watançylygyň, batyrlygyň, kasama, Watana wepalylygyň we adamkärçiligiň ajaýyp nusgalaryny görkezip, döwletimiziň serhedini goramagyň siziň mukaddes borjuňyzdygyny ýatdan çykarmaly dälsiňiz» diýip belleýär. Şeýle parasatly sözlerden ruhlanyp, mukaddes ýaşyl Tuguň synyndan öpüp, Watanyň, halkyň öňünde harby kasam kabul etmek her bir gerçek ýigit üçin belent mertebedir.

Şöhratly pederlerimiziň edermenligini, gaýduwsyzlygyny, batyrlygyny hemişe özlerine nusgalyk ýörelge edinýän, gözleri dogumdan uçganaklaýan ýaş watançylar dabaraly ýagdaýda harby kasam kabul etdiler. Gahryman pederlerimizden gelýän kasam kabul etmek ýörelgesini mynasyp dowam etdirmek, harby kasama ygrarly bolmak her bir Watan goragçysy üçin aýratyn mertebedir. Şöhratly taryhymyzda pederlerimiz mertlik, lebzihalallyk, kasama wepalylyk ýörelgelerini asyrlardan-asyrlara geçirip, watansöýüji nesilleri terbiýeläpdirler. Watan goragy — keremli topragymyza tagzym edip, mukaddes ýaşyl Tugumyzy dyz epip öpülen mukaddes harby kasamdan başlanýar. Türkmen ýigidi üçin Watany goramakdan, oňa wepaly hyzmat etmekden belent bagt ýokdur.

Eziz ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.