Serkerdeler bilen maslahat

14 Iýul 2021
718

Ýakynda polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda harby bölümleriň serkerdeleri bilen maslahat guraldy. Maslahatda harby gullukçylaryň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, terbiýeçilik ulgamynda geçirilýän işleriň hilini has-da kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan hem-de şahsy düzümi belent watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň watançylyk goşgulary boýunça çeper okaýyş agşamlaryny, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitaplaryndaky öwüt-nesihatlaryň, çuňňur pentleriň, watançylyk sargytlaryň many-mazmunyny beýan edýän wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmek serkerdelere tabşyryldy. Oňa gatnaşanlar ýurt asudalygy üçin bimöçber tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Begenç ROZYPÄLWANOW,
kapitan.