"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nusgalyk mekdep

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni bize ajaýyp üstünlikleri bagyş edýär. Ynha, şu ýylyň 1-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi. Ähli babatda bize nusgalyk görelde bolýan milli Liderimiziň täze harby uçarda uçuşy ýerine ýetirmegi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň bu ugurdaky nusgalyk göreldesiniň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyzyň howa giňişliginde kesgitlenen ugur boýunça ýerine ýetiren uçuşynyň dowamynda birnäçe çylşyrymly öwrümleri amala aşyrmagy bolsa, şöhratly ata-babalarymyza mahsus gaýduwsyzlygyň belent mekdebine öwrüldi, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesillerimiz, şol sanda Watan goragçylary, aýratyn hem harby uçarmanlar üçin ýene bir ýola nusgalyk görelde boldy.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülleýän, gül açýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy halkymyza ak ertirlere uzaýan nurana ýollaryň menzillerini ýeňişli ýyllara besläp, bagt eçildi. Bagtyýarlyk döwrümizde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alan ýol-ýörelgelerimiziň, milli däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň täzeden dikeldilmegine, olary dünýä ýaýmagymyza giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyz medeniýet ulgamyny halkyň kalbyna, köňül küýsegine deňemek bilen, onuň many taýdan giňligini, mazmun taýdan çuňlugyny anyk düşündirýär. Çünki medeniýet halklary birleşdirýän, olary dost-dogan edýän synmaz köpri bolmak bilen, heňňamlaryň hekaýaty bolup, şirwan perdelerde waspy ýetirilýär. Biziň Watanymyz müňýyllyklaryň dowamynda milli medeniýetimizi taryhyň sahypalaryna möhürlän wakalaryň mesgeni bolmak bilen, ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösen ýeri hasaplanýar. Şonuň üçin dünýä medeniýetine goşant goşan Türkmenistanyň ady gadymy we oturymly mekan hökmünde taryhyň sahypalarynda giňden orun alýar. Bu barada ençeme taryhy şahsyýetler, syýahatçylar uly buýsanç bilen öz işlerinde beýan edýärler.

Kalplara mukam bolan alkyşlar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Hazar deňziniň türkmen kenarynda bina edilen täze döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmelerinde, harby bölümlerinde «Serhet abat — döwlet abat, ýurt abadan, tämiz asman, Alkyş bolsun Arkadaga, jigerde jan, Türkmenistan!» ady bilen hoşallyk maslahatlary geçirildi. Bu buýsançly waka Döwlet serhet gullugynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, şanly toýa uly ruhubelentlik bilen barýan Watan goragçylarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Maslahatlarda çykyş edenler Watan goragçylary hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza hoşallyklaryny bildirip, hemişe özleriniň hünär hem söweşjeň taýýarlyklaryny kämilleşdirip, mukaddes borçlaryny ak ýürekden berjaý etjekdikleri barada ynandyrdylar. «Biz durmuşa geçirýän harby özgertmelerimiziň çäklerinde serhetçiler hakdaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeris» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz Serhet gullugynyň hataryna ulanylmaga berlen döwrebap serhet birikmeleriniň, olaryň binalar toplumynyň birnäçesiniň açylyş dabarasyna hut özi gatnaşyp, şöhratly pederlerimiziň Watany goramak ýaly mukaddes kesbiniň mynasyp dowam etdirijileri bolan merdana serhetçilerimiz bilen duşuşyp, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, döredilen mümkinçilikler bilen gy

Wagyz-nesihat çäreleri

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuňňur manyly baş ýörelgesine eýerip, ýurdumyzda raýatlaryň azatlyklary we hukuklary doly berjaý edilip, olaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň hem-de Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji iýulynda geçirilen bilelikdäki giňişleýin mejlisinde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzda abadan, parahat durmuşy üpjün etmekde, hukuk bozulmalarynyň, jenaýatçylygyň öňüni almakda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmegiň ähmiýetini nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem raýatlarymyzyň arasynda bolup, bilelikdäki wagyz-nesihat çärelerine gatnaşyp, raýatlarymyza içgin düşündiriş işlerini geçirýärler. Elbetde, ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmekde, bilelikdäki geçirilýän şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýmek bilen, ykrar edilen şu kada görä, döwletimizde adamyň ömrüni, saglygyny goramak, asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda oňyn işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň parahat durmuşda ýaşamagy, saýlap alan hünäri b

Ezber esgerleriň ussatlyklary

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Arslan Abdullaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde meýdan okuw-türgenleşigi geçirildi. Bu okuw-türgenleşiginde kapitan Şöhrat Derýaýewiň serkerdelik edýän rotasynyň harby gullukçylary hereket edýän awtomobil abatlaýyş ussahanalar toplumyny ýaýbaňlandyrmak, meýdan şertlerinde abatlaýyş işini gurnamak, hatardan çykan tehnikalary bellenen ýerlere eltmek, akkumulýator batareýalarda bejeriş işlerini geçirmek ýaly amaly sapaklary özleşdirdiler. Meýdan sapaklary çagyryş boýunça harby gullukçylaryň öz harby hünärlerine bolan söýgülerini has-da artdyrdy. Bu geçirilen okuw-türgenleşiginiň netijeleri boýunça, kiçi seržantlar Gadam Mämmedow, Azat Mämmedesenow, esger Nurmuhammet Maretdinow we Gurbanmyrat Öwezliýew dagy has-da tapawutlanmagy başardylar. Bu harby gullukçylar harby bölümiň serkerdesi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Sona Esenmämmedowa, uly leýtenant.

Garaşsyzlyk — bagtymyza badalga

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanyljak günleri golaýladygyça Garaşsyzlyk, onuň halka beren bagty hakynda öňküden hem köp oýlanýarsyň. Bir zat hakynda düýpli pikirlendigiňçe onuň hertaraplaýyn açylyşy ýaly, Garaşsyzlyk hakynda hem pikirlendigiňçe, onuň çak edilişinden has giňdigine, pikir-oýlar bilen ölçäriňden has çuňdugyna göz ýetirýärsiň, halkyň bagtyýar durmuşyna, döwletiň eşretli döwranyna üns bilen göz aýlanyňda bolsa, «Garaşsyzlyk bize näme berdi?» diýen sowala jogap tapmagyň hem aňsat, hem kyn boljakdygyny duýýarsyň. Çünki bu sowala beriljek jogap, bir seretseň, bir ýa iki makalanyň çägine sygmajak bagt hakdaky dessan mysaly aňyňda aýlanýar, bir görseňem, sen ol jogaby «Garaşsyzlyk bize bagtly durmuş üçin zerur bolan zatlaryň ählisini berdi» diýip, buýsançdan doly biragyz jümlä sygdyryp bilýärsiň... Halkymyzyň durmuşda köp ulanýan «Sanasaň sogaby bar» diýen bir aýtgysy bar. Bu aýtgy, meniň düşünişimçe, näçe aýtdygyňça manysy egsilmeýän, gaýta, eşitdigiňçe eşidesiň gelýän ýakymly zatlara degişli bolmaly. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň durmuşymyza eçilen miweleri hem edil şeýle. Olaryň durmuşymyza ilki ornaşan günlerini ýatlamak dagy, edil toýuň öňüsyrasyndaky heýjanly pursatlar ýaly ýüregiňe beleň berýär...

Baýlygyň sakasy — saglyk

Adamyň ruhy, onuň bedeni elmydama arassaçylygy talap edýär. Ol näçe arassa boldugyça, keýpiçaglygy-da şonça artýar. Ynsan oglunyň döräli bäri, iň gymmatly hasaplap gelen baýlygyny — saglygyny mümkingadar, elmydama aýawly saklapdyr. Saglygyň ruhy özeni hökmünde oturýan oturymyny, ondan alýan demini, ukusynyň rahat hem kadalylygyny, egniniň ýyly eşigini, iýjegini, içjegini elmydama saýgaryp, olaryň ählisiniň arassa halda bolmagyny özüne endik edinipdir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz saglygyň gözbaşyny diňe arassaçylykdyr ýyly geýim-gejimde görmän, eýsem, çagalykdan zähmete bolan söýgini-de öz perzentlerine mahsus häsiýet hökmünde görüpdirler. Argynsyz, ukyply, çydamly bedeni taplamagyň özi, saglygyň zähmetden başlanýandygyny açyk-aýdyňlygy bilen görkezipdir. Heniz çagalykdan pildir orakly obadyr kentleriň ululy-kiçili ýollaryny az geçmedik daýhan pisint oglanjyklar boýy başa ýetip, sylanýan, hormatlanýan ýaş ýigitlige barynça, eýýäm guýmagursak halal zähmetiň bendiwan ediji uly güýjüniň adam saglygyna neneňsi uly goldaw, güýç hem kuwwat berendigini, olaryň daýanykly pälwansypat bolandyklaryny okaýan hekaýadyr tymsallarymyzda özümizi şol pursatlara alyp gidäýjek uly çeper dilde ýazylmagy bilen başymyzdan geçen pursat dek duýup, aň edip bolýar.

Ajaýyp gymmatlygyň sözdäki teswiri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň 2020-nji ýylynyň güýzi türkmen halkymyzyň taryhynda aýratyn orun alan seneleriň biridir. Hawa, şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramyna mynasyp toý sowgady bolan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby şol ýylyň güýzünde okyjylar köpçüligine ýetirilipdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän bu kitap milletimiziň asylly däpleriniň we özboluşlylygynyň, umumadamzat gymmatlyklarynyň sözdäki teswiri bolup durýar. Bu eserde ata-babalarymyzyň dilinde ýaşap, biziň günlerimize sünnälenip ýeten tymsaldyr rowaýatlar arkaly watansöýüjilik, halal zähmet çekmek ýaly ýörelgeler ündelýär. Halkymyz süňňi mukaddeslige ýugrulan eserleriň gymmatyna has-da oňat düşünýär. Şeýle eserleri gözüniň göreji ýaly gorap, olara guwanyp, nesilden-nesle geçirýär. Şeýlelikde, nesillerde asylly sypatlaryň kemala gelmegi baradaky aladalar watansöýüjilik, mertlik, rehimdarlyk, agzybirlik, dostluk, zähmetsöýerlik, şükranalyk ýoluny dowam etmegiň derwaýyslygy bilen halkymyzyň aňyna ornaýar. «Asmandan–arkaly, Zeminde – zynatly», «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk — abatlyk», «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk — asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan r

Bu gün näme boldy?!

Wagtal-wagtal hyýaly dünýä aralaşyp, nähilidir bir üýtgeşik närseler barada ýazmak pikiri köpimize mahsus ýagdaýdyr. Bu ýaş žurnalist hökmünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň howasyndan dem almagy özüne ykbal edinenler üçin şeýle bolaýmalam. Bar küýüňi şu käre baglanyňdan soň, ýazyp-goýara, seýrek gabat gelýän, seslenme döretjek makalany köpçülige ýetirere esas bolup biläýjek geň-enaýy ýagdaýlar durmuşymyzda dos-doly. Gündelik iş-aladalar bilen gümra bolup ýörsek-de, şu hili maksadymyzy aňymyzda aýlamaga, ony ýazmak üçin wagt tapmaga maý döredip bileris. Onuň üçin uzaga gitmän, çylşyrymly zatlar barada pikir ýöretmezden hem maksadymyzy amal edip bolar. Şu pikiri serimde aýlap oturyşyma, ony ýönekeý zatlardan başlabam boljakdygyna göz ýetirdim. Öz ýanymdan içimi geplediberdim. Gel, gazetimiziň çykýan şu günki sanyna gabatlap, şu günki senäniň taryhyna ser salyp göreýin. Bu meniň üçin-ä gyzykly. Okyjylary hem bihal goýmasa gerek... Ýönekeýje ýagdaýa üns bereliň. Şu gün awgust aýynyň 19-y. Bu günüň — ýagny, 19-njy awgustyň taryhyň gatlarynda nähili wakalar bilen yz galdyrandygy hakynda pikir etmegiň özem bilesigelijiligiňi ösdürýär. Bilmeg-ä hasam täsirli, hasam özüne çekiji.

Müň derdiň dermany

Ynsan ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak we bejermek adamzadyň asyrlarboýy öňünde goýan iň belent maksadydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerinden peýdalanmagyň ugurlaryny salgy bermek bilen, keselleri bejermekde, olaryň öňüni almakda bar bolan mümkinçilikleri açyp görkezýär. Kitapda milli däp-dessurlarymyz bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan üzärligiň bejerijilik häsiýetiniň bardygy hem-de onuň adam saglygy üçin ähmiýetlidigi aýratyn bellenilýär.

Eje jan!

Tümde galsam nurly Gün —Sensiň maňa, eje jan!Ýanyňa ylgar göwün,Demsiň maňa, eje jan! Başym sypar elleriň,Senden asgyn ýellerem.Men şinelän gül, senemNemsiň maňa, eje jan!

Ynsan ruhuny galkyndyrýan ganatly sözler

«Salawmaleýkim, işiňiz ugruna bolsun!» diýen sözlemde adam gatnaşyklarynyň inçe tarapy jemlenendir. Ynsan nesli bu sözleme şol duýgulary ençeme asyrlaryň dowamynda ornaşdyrypdyr. «Salawmaleýkim» diýen söz barada şeýle bir tymsal hem bar. Ataly-ogul tokaý ýodajygy bilen gidip barýan ekeni. Töwerek diýseň asudalyk bolup, diňe daşdeşeniň uzak ýerlerden gelýän tyrkyldysy we çola tokaýda çeşmejigiň şildiräp akýan sesi eşidilýärmiş.

Ýady ýiteltmegiň ýedi ýoly

Awtoulagyňyzyň ýa-da öýüňiziň ýitirilen açarlaryny tapyp bileňzokmy? Almaly azyk önümleriňiziň sanawyny ýatdan çykardyňyzmy? Sport zalynda sizi türgenleşdirýän tälimçiňiziň adyny unutdyňyzmy? Diýmek, menem, sizem ýeke däl... Men internet ulgamynda tötänleýin gabat gelen aşakdaky maglumatlary okamazymdan öň dagy, gowşak ýatkeşligimi «melhemsiz derdim» diýibem atlandyrypdym. Aslynda welin, gowşak ýatkeşligimizi däri-dermansyz kämilleşdirmegem, ýatkeşligimizi gowşatmagam özümize bagly eken. Ýadyň peselmeginiň öňüni almak barada okan maglumatlarymy terjime edip, siz bilenem paýlaşmagy makul bildim.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mer­ke­zi Azi­ýanyň döw­let­ Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gyn­daky ÇY­KY­ŞY (Awa­za, 2021-nji ýylyň 6-njy aw­gusty)

Si­ziň Aly­hez­ret­le­ri­ňiz! Hor­mat­ly döw­let Baş­tu­tan­la­ry: Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti  Ka­sym-Žo­mart Ke­me­le­wiç To­ka­ýew,  Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti  Sa­dyr Nur­go­žo­ýe­wiç Ža­pa­row, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Şa­ri­po­wiç Rah­mon, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mi­ro­mo­no­wiç Mir­zi­ýo­ýew! Si­zi Türk­me­nis­tan­da mä­hir­li mü­bä­rek­le­mä­ge, se­bi­ti ös­dür­me­giň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça çöz­güt­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak we ka­bul et­mek üçin ýur­du­my­za sa­par bi­len gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi­ňiz üçin min­net­dar­lyk bil­dir­mä­ge rug­sat ediň!

Hazar — dost-doganlygyň we parahatçylygyň deňzi

Hazarym, Hazarym, goja Hazarym — dost-dogana barýan ýolda daýanjym! Hawa, onuň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy köpleri gyzyklandyrýar. Sebäbi Hazar uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym derejesindäki ulag-üstaşyr merkez, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly giňişlikdir. Ol ähli döwürlerde-de halklaryňdyr yklymlaryň bähbidini birleşdirýän ähmiýetli sebit bolupdyr. Häzirki döwürde Hazaryň derejesi — ähmiýeti sebitiň çäginden çykyp, ählumumy syýasatda hemmeleriň ünsüniň gönügen merkezine öwrüldi. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegi bu ugurda netijeli çözgütleri amala aşyrmak we deňziň baýlyklaryndan deňhukukly hem-de rejeli peýdalanmakda esasy çelgi boldy. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň gününiň giňden bellenilip geçilmegi-de biziň bu aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam edýär. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Beýik Ýü

Sebit ýurtlaryny jemlän Awaza, gujagyň beslendi ajap owaza

Ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň köpüsi gözel Türkmenistanyň soňky döwürde gazanýan üstünliklerine, ösüşlerine haýran galmak bilen, ajaýyp duýgulary ýaran edinip, öz mekanlaryna dolanýarlar. Hatda olaryň birnäçesi Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwletimiziň dünýä nusgalyk, güýçli depginde, kuwwatly ädimler bilen öňe barýandygynyň, geljegi şeýle derejede gaýym gurmagyň ýol çelgisini öwrenmäge hem isleg bildirýärler. Ol ýolgörkeziji parahatçylyk, ylalaşyklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly düşünjelere daýanyp, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda dünýädäki at-abraýyny has-da belende göterýän döwletimiziň mizemez bitewüligini binýat edýär. Dünýä jemgyýetçiliginiň taryhyny dowamly baýlaşdyrmak, onuň sahypalaryna zerewşan harplar bilen şan-şöhratly her pursadymyzy ýazmak halkymyzyň asylly däbine öwrüldi. Ynha, 6-njy awgustda gojaman Hazaryň kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen 6 sany möhüm halkara çäre hem bu aýdanlarymyzyň hakykat ýüzünde ýene bir ýola aýdyň şöhlelenmesi boldy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça BILELIKDÄKI BEÝANNAMA (2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri)

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar. Döwletleriň Baştutanlary dostluk we özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak, konstruktiwizm we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça, taryhy taýdan emele gelen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň depginli ýagdaýyny belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine esaslanyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmäge özleriniň berk eýerýändigini tassyklap, Merkezi Aziýa sebitini özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda gepleşikler we geňeşmeler arkaly ösdürmegiň möhüm meselelerine seretmegiň hem-de olary çözmegiň zerurdygyny belläp, öz döwletleriniň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbitlerine açyk we giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, şol sanda syýasy, durnukly ösüş, söwda-ykdysady we maýa goýum-maliýe, ulag-kommunikasiýa, suw-energetika, maglumat-tehnologiýa, ekologiýa we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk b

Türkmen alabaýy — serhetçileriň ýakyn ýardamçysy

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr». Hakykatdan-da, taryhda-da, häzirki döwürde-de türkmen alabaýlarymyz ynsanyň ýakyn dosty hasaplanylýar. Muny taryhyň altyn sahypalaryna ýazylan ençeme wakalar, rowaýatlar, hekaýatlar hem subut edýär. Gadymy döwürlerde türkmen alabaýlary çopanlaryň sürüsini, eýeleriniň mal-mülküni goran bolsalar, bu günki günde merdana serhetçilerimiziň ygtybarly ýoldaşyna öwrülip, olar bilen Watanymyzyň mukaddes dost-doganlyk serhetleriniň goragynda sak durýarlar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda-da türkmen alabaýlaryny köpeltmekde, ýetişdirmekde köp işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen Serhet gullugymyzda «Türkmen alabaý» tohum itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Bu merkezde türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmäge, idetmäge, köpeltmäge, şeýle-de türgenleşikleri, ýaryşlary, sergileri geçirmäge hem ähli mümkinçilikler döredilen. Biz hem «Türkmen alabaý» merkezinde alnyp barylýan işler dogrusynda, podpolkownik Agasapar BAKYÝEW bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Perzentlik borjy

Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň haýsyna salgylansaň, ol umman ýaly many-mazmuna baý. Ol manylardan gelip çykýan durmuş hakykatyna aň salyp, asyl köküne göz ýetirseň, durşuna akyl-paýhasdyr, edep-terbiýedir. Bu zatlaryň gymmaty asyrlaryň jümmüşinden, ata-babalarymyzyň pähiminden gözbaş alýar. Bu ýörelgelerden dogry ugur alyp bilseň, ol seniň ömür ýoluňy ýagtylandyrýan şamçyragdyr. Türkmenlerde «perzentlik borjy» atly süňňüne ene süýdi bilen ornan päk ahlakly düşünje bar. Ol düşünje ata-enä sylag-hormat, Watana, ene topraga söýgi, olary gaýratlylyk, mertlik bilen goramak ýaly mukaddes duýgulardan ybarat. Sebäbi ata-ene saňa janyndan jan, ganyndan gan berip, ýagty jahana getirýär, Watan bolsa saňa giň gujagyny bagyş edýär. Sen olaryň dowamat dowamy bolýarsyň. Pähimdar Keý Kowsuň «Kowusnama» eserinde şeýle setirler bar: «Eý, balam, akyl esasyndan bilginki, ata-enäniň hezzet-hormatyny boýnuňa almak zerur, çünki perzendiň asly ata-enedir. Näme üçin ata-enemi hormatlaýarkam diýmegin. Bilgin, olar seniň üçin janyny pida etmäge taýýardyr... Eger her bir perzent akylly we dana bolsa, ata-enä hormat goýmalydyr. Ata-enäniň işi seni ulaltmak. Saňa ýagşy gylyk öwretmekdir. Perzent miwä, ata-ene daragta meňzeşdir. Daragty ýagşy saklap, idegini ýetirseň, miwesi oňat we şirin bolar. Şunuň ýaly ata-enä hezzet-hormaty köpräk etseň, sen hakdaky olaryň dilegi tizräk hasyl bolar».

Fiziki maşklar — sagdyn durmuş ýörelgesi

Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetde iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Munuň üçin, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmek, ýaş nesli bu ugra gönükdirmek zerurdyr. Kämil bedenli, ruhubelent bolmak üçin bolsa, fiziki işjeňlik zerurdyr. Fiziki maşklar adam saglygynyň gözbaşy hasaplanylýar. Maşklar sazlaşykly ýagdaýda ýerine ýetirilende, adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende galdyrýar. Gündelik maşklaryň peýdasy barada lukmançylyk ylmynda meşhurlyk gazanan alym Abu Aly ibn Sina: «Beden taplaýjy maşklar erkin hereketler bolup, ol yzygiderli çuňňur dem alşy emele getirýär» diýip belläpdir.