Bu gün näme boldy?!

18 Awgust 2021
661

Wagtal-wagtal hyýaly dünýä aralaşyp, nähilidir bir üýtgeşik närseler barada ýazmak pikiri köpimize mahsus ýagdaýdyr. Bu ýaş žurnalist hökmünde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň howasyndan dem almagy özüne ykbal edinenler üçin şeýle bolaýmalam. Bar küýüňi şu käre baglanyňdan soň, ýazyp-goýara, seýrek gabat gelýän, seslenme döretjek makalany köpçülige ýetirere esas bolup biläýjek geň-enaýy ýagdaýlar durmuşymyzda dos-doly. Gündelik iş-aladalar bilen gümra bolup ýörsek-de, şu hili maksadymyzy aňymyzda aýlamaga, ony ýazmak üçin wagt tapmaga maý döredip bileris. Onuň üçin uzaga gitmän, çylşyrymly zatlar barada pikir ýöretmezden hem maksadymyzy amal edip bolar. Şu pikiri serimde aýlap oturyşyma, ony ýönekeý zatlardan başlabam boljakdygyna göz ýetirdim. Öz ýanymdan içimi geplediberdim. Gel, gazetimiziň çykýan şu günki sanyna gabatlap, şu günki senäniň taryhyna ser salyp göreýin. Bu meniň üçin-ä gyzykly. Okyjylary hem bihal goýmasa gerek...

Ýönekeýje ýagdaýa üns bereliň. Şu gün awgust aýynyň 19-y. Bu günüň — ýagny, 19-njy awgustyň taryhyň gatlarynda nähili wakalar bilen yz galdyrandygy hakynda pikir etmegiň özem bilesigelijiligiňi ösdürýär. Bilmeg-ä hasam täsirli, hasam özüne çekiji.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».