Hazar — dost-doganlygyň we parahatçylygyň deňzi

11 Awgust 2021
554

Hazarym, Hazarym, goja Hazarym — dost-dogana barýan ýolda daýanjym! Hawa, onuň taryhy, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary hem-de deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy köpleri gyzyklandyrýar. Sebäbi Hazar uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym derejesindäki ulag-üstaşyr merkez, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly giňişlikdir. Ol ähli döwürlerde-de halklaryňdyr yklymlaryň bähbidini birleşdirýän ähmiýetli sebit bolupdyr. Häzirki döwürde Hazaryň derejesi — ähmiýeti sebitiň çäginden çykyp, ählumumy syýasatda hemmeleriň ünsüniň gönügen merkezine öwrüldi. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmegi bu ugurda netijeli çözgütleri amala aşyrmak we deňziň baýlyklaryndan deňhukukly hem-de rejeli peýdalanmakda esasy çelgi boldy. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň gününiň giňden bellenilip geçilmegi-de biziň bu aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam edýär. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen döwletara üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, Ýewraziýa ykdysady zolaklarynyň birleşdirilmegi Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykalgany üpjün etmek möhüm ähmiýete eýedir. Müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen täze taslamalar häzirki taryhy eýýamda döwletara söwda-ykdysady, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

«Esger».