Baýlygyň sakasy — saglyk

18 Awgust 2021
606

Adamyň ruhy, onuň bedeni elmydama arassaçylygy talap edýär. Ol näçe arassa boldugyça, keýpiçaglygy-da şonça artýar. Ynsan oglunyň döräli bäri, iň gymmatly hasaplap gelen baýlygyny — saglygyny mümkingadar, elmydama aýawly saklapdyr. Saglygyň ruhy özeni hökmünde oturýan oturymyny, ondan alýan demini, ukusynyň rahat hem kadalylygyny, egniniň ýyly eşigini, iýjegini, içjegini elmydama saýgaryp, olaryň ählisiniň arassa halda bolmagyny özüne endik edinipdir.

Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz saglygyň gözbaşyny diňe arassaçylykdyr ýyly geýim-gejimde görmän, eýsem, çagalykdan zähmete bolan söýgini-de öz perzentlerine mahsus häsiýet hökmünde görüpdirler. Argynsyz, ukyply, çydamly bedeni taplamagyň özi, saglygyň zähmetden başlanýandygyny açyk-aýdyňlygy bilen görkezipdir. Heniz çagalykdan pildir orakly obadyr kentleriň ululy-kiçili ýollaryny az geçmedik daýhan pisint oglanjyklar boýy başa ýetip, sylanýan, hormatlanýan ýaş ýigitlige barynça, eýýäm guýmagursak halal zähmetiň bendiwan ediji uly güýjüniň adam saglygyna neneňsi uly goldaw, güýç hem kuwwat berendigini, olaryň daýanykly pälwansypat bolandyklaryny okaýan hekaýadyr tymsallarymyzda özümizi şol pursatlara alyp gidäýjek uly çeper dilde ýazylmagy bilen başymyzdan geçen pursat dek duýup, aň edip bolýar.

Geldimyrat ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň Ahal welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.