"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagtyýarlyk döwrüniň şanly gadamlary

Ýüreklere bossan, dillere dessan bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her güni şatlykly wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Şu hepdäniň duşenbe güni, ýagny 23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri «Galkynyş» gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolup, oňa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun degişlidir. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy esasynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän sena

Arkadagymyzyň energetika syýasaty rowaçlanýar

Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenmeginde içeri we daşary syýasatyň özara utgaşyklylygy aýratyn orna eýe bolýar. Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. «Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan işleriň amal edilmegi netijesinde ýurdumyz baý energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmak arkaly dünýäde ygtybarly energiýa serişdeleri bilen üpjün ediji ýurtlaryň birine öwrüldi. Dünýä ýüzünde Durnukly ösüş maksatlaryndan biri bolan arassa we arzan energiýa maksadyna ýetmekde Türkmenistanyň orny pugtalanýar. Ýurdumyzda halkalaýyn elektrik geçiriji ulgamynyň döredilmegi ildeşlerimiziň gündelik durmuşda ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegini şertlendirse, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy sebitde ykdysady ösüşiň berkarar edilmegine öz mynasyp goşandyny goşar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde elektrik stansiýalarynyň gurulmagy, aýratyn hem Mary Döwlet elektrik stansiýasyna utgaşykly dolanyşykda işleýän innowasion usulyň önümçilige ornaşdyrylmagy energiýanyň täsir koeffisiýentini ýokarlandyrýar, ulanylýan tebigy gazy tygşytlaýar, şeýle hem atmosfera zyňylýan

Eziz diýarymyzyň dokma senagaty

Müň dokuz ýüz togsan birinji ýylyň güýzünde Garaşsyzlyk alyp galkynan, müň dokuz ýüz togsan bäşinji ýylyň gyşynda hemişelik Bitaraplyk alyp beýgelen, has takygy taryh üçin örän az wagt mundan öň şeýle goşa ganatyň eýesi bolan eziz Diýarymyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýar. Beýik başlangyçlaryň ýeňişli basgançaklary bilen barýan Watanymyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle ugurlaryň biri-de bäsdeşlige ukyply önümleriniň dünýä bazaryndaky ornuny barha pugtalandyrýan dokma senagaty pudagydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna taýýarlyk görýän bu pudagyň edara-kärhanalarynda häzirki wagtda müşderileriniň islegini doly derejede kanagatlandyrjak önümleriň ençemesi öndürilýär. Munuň şeýledigine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen Aşgabadyň dokma toplumy, Türkmenbaşy jins toplumy, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi, «Gala» söwda nyşanly taýýar dokma önümleri ýaly ýokary hilli, köp görnüşli hem-de ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan önümler hakyndaky telegepleşikleredir makalalara gabat geleniňde has hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu bolsa öz gezeginde hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bölümleriniň täze enjamlar we ekologiýa taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçi

Türkmen türgeniniň halkara ýeňşi

Watany beýgelden ynsanlaryň atlary taryha ebedi ýazylýar. Mukaddes Watan özüniň ägirtleri bilen tanalýar. Islendik kärde, islendik hünärde zähmet çekip, ata ýurduň, il-ulsuň abraý-mertebesiniň goragynda gezmek, megerem, bagtyň ulusydyr. Şeýle ynsanlary Watan hemişe sarpalaýar. Ine, ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewanyň kümüş medala mynasyp bolup, göteren agyrlygy bilen birlikde türkmen sportunyň abraýyny hem belende galdyrandygy ildeşlerimiziň köňül guşuny has-da ganatlandyrdy. 21 ýaşly türgeniň ynamly ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykmagy we milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmagy berkarar Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şanyna şan, şöhratyna ýene bir mertebe şöhrat goşdy.

Gümrük gözegçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlanýar

Parahatçylygyň, gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady giňişliginde halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeldýär. Türkmenistan döwletimiziň daşary söwdasynda haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagy, şol sanda eksportyň möçberleriniň artmagy, ulag-üstaşyr geçirijiliginiň ýokarlanmagy bilen baglylykda, gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň görnüşleri we mukdary günsaýyn köpelýär. Ýurdumyzyň çäklerinden halkara multimodal ýük daşalyşy ösýär hem-de ýükleri geçirmegiň täze ugurlary döreýär. Bu bolsa serhetde gümrük işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini hem-de gümrük gözegçiligini döwrüň ösýän talaplary bilen sazlaşykly we ygtybarly guralmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, serhetüsti haryt dolanyşygynyň artmagy bilen bagly, ýurdumyzda gümrük işiniň berk kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady kemala gelýär. Milli kanunçylygymyza laýyklykda, Gümrük gullugynyň öňünde ygtybarly gümrük gözegçiligini guramak wezipesi bilen bir wagtda, harytlary we ulag serişdelerini gümrük serhedinden geçirmegi çaltlandyrmaga ýardam berýän şertleri döretmek hem-de Türkmenistanyň daşary söwdasyny we milli ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek ýaly uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek babatda Döwlet gümrük gullugynda toplumlaýyn işler yzygiderli al

Täsirli gezelençler

Ýakynda maýor Aganazar Allaberenowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2021-nji ýylyň ýaz möwsüminde harby gulluga gelen ýaş esgerleriň medeni-dynç alşyny talabalaýyk gurnamak maksady bilen, welaýat kitaphanasyna hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençler guraldy. Welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Ogulbagt Elýasowa ýaş esgerlere hormatly Prezidentimiziň «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary dogrusynda gürrüň berdi. Kitaphananyň ýokary gatynda ýerleşdirilen teleskop bolsa harby gullukçylarymyzda aýratyn gyzyklanma döretdi. Soňra Watan goragçylary welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelenji dowam etdiler. Ýaş esgerler rotasynyň wzwod serkerdesi, leýtenant Muhammedaly Allaberdiýew muzeýiň işgärlerine ýaş esgerlerimize welaýatyň baý taryhy we tebigaty barada aýdyp beren gyzykly gürrüňleri üçin hoşallyk bildirdi. Bu guralan gezelençler ýurt goragçylarynyň kalbynda Watana bolan söýgini has-da artdyrdy.

Bagtyýar ýurdumyzyň şanly toýy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bosagada dur. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiz has-da gülläp ösýär. Garaşsyzlyk — halkyň arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk — milletiň geçmişe, geljege ýaň salýan erkinlik we parahatlyk mukamy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu gün milli goşunymyz dünýäde iň ygtybarly we ýokary söweşjeň taýýarlykly, kuwwatly goşunlaryň hatarynda durýar. Şonuň üçin podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçylary-da Watanymyzyň polat galkany, sarsmaz galasy bolup, özleriniň ýokary hünär ussatlyklary we öz halal, jogapkärli gulluklary bilen Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen sowgatly barýarlar.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Golaýda podpolkownik Arslan Abdullaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa çagyryş boýunça harby gullukçylara hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, ata-babalarymyzdan miras galan bu mukaddes topragymyzy gorap saklamak barada öwüt-nesihat berdi. Şeýle-de Watany gözleriniň göreji ýaly gorap saklamak, mukaddes kasama wepaly bolmak baradaky çykyşlar Watan goragçylarynda uly täsir galdyrdy. Sona ESENMÄMMEDOWA, uly leýtenant.

Günüň ýiti şöhlesiniň täsiri

Tomus paslynda howanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagy netijesinde, Gün şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin jöwzaly yssy tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda Gün urma bolýar. Aslynda Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende gyş paslynda ýetmezçilik edýän D witamini döreýär hem-de gyş günlerinde tebigy taýdan ýüze çykýan sussupesligiň öňüni alýan maddalary emele getirýär. Gün urma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilse bolup bilýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, kelle beýniniň gyzmagyna getirýär. Şeýle hadysada kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, demgysma, endam agyrylary, göz görejiniň ulalmagy, gaýtarma ýaly alamatlar bolýar. Günüň şöhlesiniň aşagynda uzak wagt gezilse, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetýär, demgysma peýda bolýar, adamyň ýüz keşbiniň reňki üýtgäp, kähalatlarda huşuny ýitirme ýagdaýyna çenli hadysalar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar bolanda haýal etmän ilkinji kömek bermeli we tiz kömegi çagyrmaly.

Şypaly künjegiň küýsegi başga

Islendik adamyň derdine derman taparyn diýseň, emini daşdan däl-de, öz ýaşaýan ene topragyndan gözlemeli diýilýär. Ugruny tapyp, ulanyp bilene göräýmäge juda ýönekeý görünýän ot-çöpüň hem ummasyz haýry bar. Çünki tebigatda bikär biten, ýönelige dörän zadyň özi ýok. Tenekar türkmen tebigatynyň hassa hemdem bolýan täsin aýratynlyklary sanap tükederden has aňyrda ýatyr. Türkmeniň dagyna çyksaň, ruhuň göteriler. Derýasyna baksaň, akar suwuň aýdymyna kalbyň aram tapar. Deňziniň kenaryna seýil etseň, göwnüň göteriler. Iň bärkijesi sährasyna çyksaň, yssy günüň jöwzasy görner-görünmez sökellikleri «hamyrdan gyl sogran ýaly» süňňüňden aýrar. Ine, muňa keramatly türkmen topragy diýilýär. Halysy, keçesi, düýesiniň ýüňüdir çaly sanasaň, sanýetmez gymmatlyklary kemala getiren pederlerimiziň ýiti aň-paýhasyndan dörän bu ajaýyplyklaryň asyrlar aşyp, arzysy artýar. Bir wagtky Garagum sährasynyň golaýynda ýerleşen, üstünden kerwen geçen adaty obanyň «şypaly künjek» diýlip ykrar edilmeginiň geň galdyryjy taryhy bar. «Baýramaly» şypahanasynyň häzirki ýerleşýän çägine ýakyn Hoja Ýusup babadan Merwiň ýadygärliklerine golaý ýerde 2-3 gün düşläp geçilse, islendik adamyň böwrekdäki näsazlyklarydyr çişleri zym-zyýat bolaýýar eken. Gaharjaň adamlaryň gahary aýrylyp, howsalaly adamlaryň göwünleri giňär eken. Muny ilki bolup, uzak ülkelerden gelýän täjirler aňypdyr. Çopan goşunda bolup, derm

Sagdyn durmuş ýörelgesi — döwrüň talaby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny has-da gowulandyrmak we beden işjeňliginiň ýetmezçiligi sebäpli döreýän ýokanç däl keselleri azaltmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, adam ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Şundan ugur alyp, häzirki döwürde ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň gözbaşyna öwrülýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Ähli edara-kärhanalarda we guramalarda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, netijeli çäreler yzygiderli geçirilýär. Şonuň ýaly-da, Saglyk öýlerinde bedeni berkitmegiň usullaryny, öz-özüňe erk etmegi öwretmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ugrukdyrmak, psihologyň maslahatlaryny guramak, maşgalanyň goldawyny gazanmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şoňa görä-de, saglygy goraýyş ulgamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynda hassalara hyzmat edilmegi, saglygy berkitmek we keselleriň öňüni almak, töwekgel täsirleri aradan aýyrmak, sagdyn durmuş medeniýetini, sagdyn geljegi we nesilleriň sa

Sport – sagdynlygyň girewi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen birlikde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, berk bedenli, ruhubelent, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz bu hakda söz açyp: «Sport — munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň belentliklerine tarap ymtylyşyň janly beýanydyr» diýip parasatly belleýär. Eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda durmuşa ornaşdyrylýan işler özüniň oňyn netijelerini-de berýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe dersleriniň okadylmagynyň döwrebap derejede ýola goýulmagy, häzirki zaman sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýaş nesilleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna ähli şertleriň döredilmegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu, esasan hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, olaryň bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga bolan isleglerini ösdürmekde, ýaşlaryň gatnaşmaklarynda sport ýaryşlaryny we bäsleşiklerini geçirmegiň tejribesini ornaşdyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Esger jigime hat

Salam, jigim! Ýagdaýlaryň gowumy?! Seniň çagyryş boýunça harby gulluga gideniňe ylaýyk bir ýyl dolýar. Gideniňe öwrenişerçe wagt bolan ýalydyr welin, entegem seni göresim gelýär. Diňe meniň däl, ejem, kakam, enem, hatda beýleki uýalaryňam şeýle. Öýde seniň adyň agzalmaýan güni ýok. Her gün seni ýatlaýarys. Ýogsa-da, biz seni nädip ýatlamaly?! Sen biziň iň ezizimiz, körpämiz, ýeke dikrarymyz ahyry! Sen maşgalada ýekeje ogul perzent bolsaňam, hiç haçan läliksirejek bolmandyň. Özüň körpe bolsaňam, gaýta biziň aladamyzy ederdiň. Orta mekdebi tamamlap, uýam ikimiz ýokary okuw mekdebinde okaýarkak dagy, sen biziň dynç alşa gelerimize gün sanap garaşardyň. Bize sowgat hökmünde delje zatlardan alyp goýardyň. Aslynda, sen beýle hamraklygy diňe maşgalamyzdaky ynsanlar üçin däl, eýsem, tutuş obamyzyň adamlary üçinem ederdiň. Uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşmegi başarardyň. Ýadymda, ýaňy üç-dört ýaşly çagakaňam, öýe gelýän myhmanlary hemmämizden öň sen garşylardyň, olary ugradanymyzda-da ýanymyzda bolardyň. Sebäbi sen myhmansöýerdiň, öýe biri gelse, juda begenerdiň. Ulalanyňdan soň hem, kim nähili ýumuş buýursa, göz-gaşyňy çytman ýerine ýetirerdiň, käteler bolsa: «Şol adam örän kösenýär-dä. Men şoňa kömek edip geleýin» diýip giderdiň-de, kömege mätäç kişiniň alkyşyny alyp gelerdiň. Seni bütin obamyz söýýär, jigim! Adyňy buýsanç, guwanç bilen tutýarlar. Seniň kalbyň ak gar ýa

Oýun

Durmuş ýoluňa hemra, öý-hojalyga gümra boljak gyzy saýlamagyň aladasyna ýaşlykdan başlan Hezretiň taryhy şeýleräk: ol zenanlar barada köp pikirlense-de, hiç haçan daşyna çykarmaýar, özi ýaly ýigitleriň ýanynda-da agzamaýar. Olaryň, bardy-geldi, bu syry biläýseler, özüni gowşak hem yňdarma ýigit hasaplamaklaryndan çekinýär. Beýlekilere gezek galanda welin, Hezret zenanlar hakynda aýdylýan bir sözlemem sypdyrman diňleýär. Şol gürrüňleriň her birini uzyn gijelerine ýekelikde saldarlap, oýlanyp-ölçerip görýär. Köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlarynyň birinde ýaşansoň, onuň otagyndan asmanyň ak ýyldyzlaryna tarap açylýan iki sany uly penjire bar. Hezret şol penjirelere-de perde tutmagy gadagan etdi. Aslynda, öýündäkiler onuň otagyndaky hiç bir zada ondan birugsat el degrip bilmeýärler. Ol diňe otagyň arassaçylyk işine goşulmaýar, ýöne onuň geçirilmeli wagtyny özi anyklap berýär. Hezretiň iki sany basdaş uýasy, agasy tarapyndan çykarylýan we ýyl geçdigiçe güýjeýän bu «düzgün-tertibe» tap getiribilmän, ata-enesine köp arz edipdiler. Emma bar zatda öz diýenini gögerdýän Hezret, zenanlaryň näme diýilse şony etmelidigini aýdyp, gyz uýalaryny hem diňlemedi. Soňabaka onuň uýalary öýde Hezretiň ýok wagtynda arassaçylyk işlerini geçmäge başladylar. Otag kiçiräk bolansoň, ol köp wagtyňy alanokdy. Şonda-da bary-ýogy alty-ýedi ädimden ybarat otagyň içinde goş örän köp bolup, olaryň Hezret tarapyn

Pikir hoşalary

1Ykbal ýolumyzda köp zady ýitirsegem, garaşanymyzdan köp zady tapyp, ýaşaýşymyzy dowam edip ýörüs. Näçe ýyl ýaşalanam bolsa, hasap günleriň, hepdeleriň, aýlaryň ýa ýyllaryň ölçegine görä däl, «Bir ömür» diýlip atlandyrylýar. Asman giňişliginde milliardlarça ýyldyz bar. Emma Aý welin, ýekeje.

Hytaý akyldary Konfusiniň pähimlerinden

1. Ýaý atmak bize hakykaty nähili gözlemelidigini öwredýär: eger ýaý atyjynyň oky nyşanadan sowa geçse, ol munuň üçin başgalary däl-de, özüni günäkärlemeli. 2. Kim könä ýüzlenip, täze zat açmany başarýan bolsa, şol mugallym bolmaga mynasypdyr.

Watanymyzyň şanly toýuna

Hormatly Prezidentimiziň her bir pendi-nesihaty, sargydy-öwüdi, görkezmesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň merdana Watan goragçylary, şol sanda ýaş nesiller üçin işde, durmuşda, okuwda, harby gullukda ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ata Watanymyzyň edermen goragçylary! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny mertlik we wepadarlyk bilen gorap, halkymyzyň ynamyna we hormatyna mynasyp bolmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna uly üstünlikler bilen barmak siziň üçin belent mertebedir» diýip, aýdan sargydy ýurt goragçylaryna ýol-ýörelge boldy. Şu ýylyň 11-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Watan goragçylaryna uly toý sowgatlaryny etdi, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumyny açyp ulanmaga berdi. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Häzirki wagtda Harby-Deňiz Güýçlerine Watanymyzyň deňiz giňişliginde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmekde uly orun degişlidir.

Türkmenistan — BMG gatnaşyklary

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmak baradaky haýyşy 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Baş Assambleýanyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Şeýlelikde, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy we ilkinji günlerden başlap, bu iri halkara düzüm bilen ysnyşykly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna gabat gelen ýylymyzyň 2-nji martynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmegine 29 ýyl doldy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

Gözel görkli diýarym!

Günsaýyn özgerýän ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde has-da görklenip, dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekmegi başardy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Şu maksada ýetmek üçin ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly işler amala aşyrylyp, her güni täzeliklere beslenýän Diýarymyzda olar anyk netijesini berýär. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň düzümini toplumlaýyn kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän döwlet ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, dürli belentlikdäki ýaşaýyş jaý toplumlary guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. Bu bolsa adamlaryň amatly, hil taýdan ýokary bolan ýaşaýyş jaýlaryny şahsy isleglerine görä saýlap almak şertleriniň has-da artmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynyň 25-ine ak pata bermeginde gurluşygyna başlanan «Şäher içindäki şäher» ýörelgesi boýunça tasla

Mukaddes serhedimiziň goragy pugtalanýar

Her bir aýyň, her bir ýylyň bagtly günleriniň tirkeşip gelşi, edil aňyrsy-bärsi görünmeýän mawy deňziň gatbar-gatbar tolkunlaryny ýadyňa salýar. Asuda, parahat deňziň tolkunlarynyň el bulap, haýdaşyp gelşi, saňa ençe ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan beýik işleri, ösüşleri, özgerişleri gürrüň berýän ýaly. Şeýle ösüşli, asuda Watanyň gujagynda dogulmagyň, ýaşamagyň, ir säher bilen gyzaryp dogýan Güni garşylamagyň, täze dogan Aýy maňlaýyňa sylmagyň, asuda asmanda ganat kakyp, ýurt parahatlygyny buşlaýan guşjagazlaryň jürküldeýän seslerini eşitmegiň özi uly bagt ahyryn?! Garaşsyzlygyny alanyna kän wagt geçmedik Türkmenistan döwletimizde Serhet goşunlarynyň kämilleşmegi ugrunda-da kän işler alnyp baryldy. 1997-nji ýylda Serhet goşunlary Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy diýlip atlandyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän serhet birikmeleriniň, serhet galalarynyň, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna başlandy. Dünýäniň iň kämil we ýük harby awtoulaglary, motoulaglary, bronly tehnikalary, dikuçarlary, aragatnaşyk serişdeleri, serhet gorag gämileri we beýleki enjamlar satyn alyndy. Az wagtyň içinde ata Watanymyzyň dürli ýerlerinde ähli amatlyklary göz öňünde tutulan, häzirki zaman binalaryň ençemesi gurlup, serhetçileriň hyzmatyna berildi. Muňa mysaly daşdan gözlemek gerek däl. Yn