Täsirli gezelençler

25 Awgust 2021
485

Ýakynda maýor Aganazar Allaberenowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2021-nji ýylyň ýaz möwsüminde harby gulluga gelen ýaş esgerleriň medeni-dynç alşyny talabalaýyk gurnamak maksady bilen, welaýat kitaphanasyna hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençler guraldy. Welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Ogulbagt Elýasowa ýaş esgerlere hormatly Prezidentimiziň «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplary dogrusynda gürrüň berdi.

Kitaphananyň ýokary gatynda ýerleşdirilen teleskop bolsa harby gullukçylarymyzda aýratyn gyzyklanma döretdi. Soňra Watan goragçylary welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelenji dowam etdiler. Ýaş esgerler rotasynyň wzwod serkerdesi, leýtenant Muhammedaly Allaberdiýew muzeýiň işgärlerine ýaş esgerlerimize welaýatyň baý taryhy we tebigaty barada aýdyp beren gyzykly gürrüňleri üçin hoşallyk bildirdi. Bu guralan gezelençler ýurt goragçylarynyň kalbynda Watana bolan söýgini has-da artdyrdy.

Begenç ROZYPÄLWANOW,
kapitan.