Mukaddes serhedimiziň goragy pugtalanýar

18 Awgust 2021
585

Her bir aýyň, her bir ýylyň bagtly günleriniň tirkeşip gelşi, edil aňyrsy-bärsi görünmeýän mawy deňziň gatbar-gatbar tolkunlaryny ýadyňa salýar. Asuda, parahat deňziň tolkunlarynyň el bulap, haýdaşyp gelşi, saňa ençe ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan beýik işleri, ösüşleri, özgerişleri gürrüň berýän ýaly. Şeýle ösüşli, asuda Watanyň gujagynda dogulmagyň, ýaşamagyň, ir säher bilen gyzaryp dogýan Güni garşylamagyň, täze dogan Aýy maňlaýyňa sylmagyň, asuda asmanda ganat kakyp, ýurt parahatlygyny buşlaýan guşjagazlaryň jürküldeýän seslerini eşitmegiň özi uly bagt ahyryn?!

Garaşsyzlygyny alanyna kän wagt geçmedik Türkmenistan döwletimizde Serhet goşunlarynyň kämilleşmegi ugrunda-da kän işler alnyp baryldy. 1997-nji ýylda Serhet goşunlary Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy diýlip atlandyryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän serhet birikmeleriniň, serhet galalarynyň, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna başlandy. Dünýäniň iň kämil we ýük harby awtoulaglary, motoulaglary, bronly tehnikalary, dikuçarlary, aragatnaşyk serişdeleri, serhet gorag gämileri we beýleki enjamlar satyn alyndy. Az wagtyň içinde ata Watanymyzyň dürli ýerlerinde ähli amatlyklary göz öňünde tutulan, häzirki zaman binalaryň ençemesi gurlup, serhetçileriň hyzmatyna berildi. Muňa mysaly daşdan gözlemek gerek däl. Ynha, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda, ýagny 11-nji awgustda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Serhet gullugymyzyň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän serhet galasynyň täze binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze binalar toplumynda deňizçi serhetçilerimize harby gulluklaryny üstünlikli alyp barmaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Ol özünde gulluk maksatly otaglary, kitaphanany, naharhanany, ýatakhanany, şeýle-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport otagyny we meýdançalary jemleýär. Döwrebap binalar toplumynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar hem ornaşdyrylypdyr. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, geljekde toplanylan maglumatlary öz wagtynda hem-de maksadalaýyk ulanmaga uly ýardam eder.

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.