Günüň ýiti şöhlesiniň täsiri

25 Awgust 2021
632

Tomus paslynda howanyň derejesiniň aşa ýokarlanmagy netijesinde, Gün şöhlesi ýitileşýär. Şonuň üçin jöwzaly yssy tomus günlerinde Günüň aşagynda gözegçiliksiz oýnaýan çagalarda ýa-da açyk meýdanda işleýän adamlarda Gün urma bolýar. Aslynda Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende gyş paslynda ýetmezçilik edýän D witamini döreýär hem-de gyş günlerinde tebigy taýdan ýüze çykýan sussupesligiň öňüni alýan maddalary emele getirýär.

Gün urma daşarda uzak wagtlap Gün şöhlesiniň aşagynda başgapsyz ýa-da saýawansyz gezilse bolup bilýär. Günüň ýiti şöhlesi adamyň kellesine we derisine düşüp, kelle beýniniň gyzmagyna getirýär. Şeýle hadysada kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek urşunyň çaltlaşmagy, demgysma, endam agyrylary, göz görejiniň ulalmagy, gaýtarma ýaly alamatlar bolýar. Günüň şöhlesiniň aşagynda uzak wagt gezilse, merkezi nerw ulgamyna zeper ýetýär, demgysma peýda bolýar, adamyň ýüz keşbiniň reňki üýtgäp, kähalatlarda huşuny ýitirme ýagdaýyna çenli hadysalar ýüze çykýar. Şeýle alamatlar bolanda haýal etmän ilkinji kömek bermeli we tiz kömegi çagyrmaly.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.