Gümrük gözegçiliginiň ygtybarlylygy ýokarlanýar

25 Awgust 2021
457

Parahatçylygyň, gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady giňişliginde halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeldýär. Türkmenistan döwletimiziň daşary söwdasynda haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagy, şol sanda eksportyň möçberleriniň artmagy, ulag-üstaşyr geçirijiliginiň ýokarlanmagy bilen baglylykda, gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň görnüşleri we mukdary günsaýyn köpelýär. Ýurdumyzyň çäklerinden halkara multimodal ýük daşalyşy ösýär hem-de ýükleri geçirmegiň täze ugurlary döreýär. Bu bolsa serhetde gümrük işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini hem-de gümrük gözegçiligini döwrüň ösýän talaplary bilen sazlaşykly we ygtybarly guralmagyny talap edýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, serhetüsti haryt dolanyşygynyň artmagy bilen bagly, ýurdumyzda gümrük işiniň berk kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady kemala gelýär. Milli kanunçylygymyza laýyklykda, Gümrük gullugynyň öňünde ygtybarly gümrük gözegçiligini guramak wezipesi bilen bir wagtda, harytlary we ulag serişdelerini gümrük serhedinden geçirmegi çaltlandyrmaga ýardam berýän şertleri döretmek hem-de Türkmenistanyň daşary söwdasyny we milli ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek ýaly uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri ýerine ýetirmek babatda Döwlet gümrük gullugynda toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Agöýli NYÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri, podpolkownik.