Watanymyzyň şanly toýuna

18 Awgust 2021
475

Hormatly Prezidentimiziň her bir pendi-nesihaty, sargydy-öwüdi, görkezmesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň merdana Watan goragçylary, şol sanda ýaş nesiller üçin işde, durmuşda, okuwda, harby gullukda ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ata Watanymyzyň edermen goragçylary! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny mertlik we wepadarlyk bilen gorap, halkymyzyň ynamyna we hormatyna mynasyp bolmak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna uly üstünlikler bilen barmak siziň üçin belent mertebedir» diýip, aýdan sargydy ýurt goragçylaryna ýol-ýörelge boldy. Şu ýylyň 11-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Watan goragçylaryna uly toý sowgatlaryny etdi, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumyny açyp ulanmaga berdi.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Häzirki wagtda Harby-Deňiz Güýçlerine Watanymyzyň deňiz giňişliginde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmekde uly orun degişlidir.

«Esger».