Bagtyýar ýurdumyzyň şanly toýy

25 Awgust 2021
582

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bosagada dur. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimiz has-da gülläp ösýär. Garaşsyzlyk — halkyň arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk — milletiň geçmişe, geljege ýaň salýan erkinlik we parahatlyk mukamy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu gün milli goşunymyz dünýäde iň ygtybarly we ýokary söweşjeň taýýarlykly, kuwwatly goşunlaryň hatarynda durýar. Şonuň üçin podpolkownik Halnepes Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçylary-da Watanymyzyň polat galkany, sarsmaz galasy bolup, özleriniň ýokary hünär ussatlyklary we öz halal, jogapkärli gulluklary bilen Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen sowgatly barýarlar.

Jahan MÄMEDOWA,
kapitan.