"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Eşretli akabanyň höziri

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatda uly ýol geçdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu iş iri dünýä döwletleri we abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar. Täze iri energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň hem möhüm guraly bolmaga gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda optiki-süýümli aragatnaşygyň täze ulgamy Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkalaýyn kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, oňa Hyrat — Akina ulgamyny birikdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden geçýän halkara üstaşyr mümkinçilikleri has-da giňeltmäge oňyn şertler dörär.

Şanly ýylyň batly gadamlary

Şu hepdäniň duşenbe güni paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň we A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikdäki «Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan Gahryman Arkadag!» atly edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Bu kompozisiýa türkmen halkynyň milli Liderimize çuňňur söýgüsiniň we beýik hormatynyň aýdyň beýany bolup ýaňlandy. Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi we ägirt uly halkara abraýa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýene bir gezek ykrar edilmesidir, türkmen diplomatiýasynyň ajaýyp üstünligidir.

Kämil maksatlaryň aýdyň beýany

Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan uly buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, ylym-bilimiň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlandyrmak we ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmek ugrundaky amal edilýän giň möçberli işler, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda jemgyýetimizi hereketlendiriji güýjüň esasy özeni hasaplanýar. Şeýle kämil maksatlar bolsa özüniň aýdyň beýanyny tapyp, halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir adamyň eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän işlere dahylly bolmak, olara öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär. Binýady berkden gurlan, bagt daragtynyň barha pajarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesiller hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Çünki hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň ýagty ertiri hasaplanýan ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almaklary, hünär we ylym öwrenmekleri, sagdyn ruhda terbiýelenmekleri, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýol-ýörelgelerine wepaly watansöýüjiler bolup ýetişmekleri üçin wajyp işleri durmuşa geçirýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda sanl

Bagy-bossanly diýarymyz

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelinlikde, oňat durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli alada edýär. Taryh üçin uzak bolmadyk ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda gazanylan ykdysady ösüşler, durmuşa geçirilen dürli maksatnamalar, alnyp barylýan öňdengörüjilikli ykdysady, syýasy ösüşi dowam etdirip, halkymyz üçin uly möçberli mümkinçilikleri berdi we bu işler dowam edip gelýär. Garaşsyzlygymyzyň her bir ýyly syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitleri bilen ak geljegi nazarlap barmagy halkara abraýynyň ýokarlanýandygyndan, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä döwletleri we halkara guramalar tarapyndan goldanylýandygyndan, ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly isleg bildirilýändiginden nyşandyr.

Sylaglaryňyz gutly bolsun!

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde 2020-nji ýylyň jemleri boýunça söweşjeň, gumanitar taýýarlykda we harby düzgün-nyzamda has tapawutlanan harby bölümlere göçme nyşan, Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şol dabaranyň dowamynda podpolkownik Geldimyrat Mämmedowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň şahsy düzümi hem sylaglandy. Şol mynasybetli harby bölümde dabara geçirilip, onuň dowamynda harby bölümiň 2020-nji okuw ýylynyň jemleri boýunça söweşjeň, gumanitar hem-de harby düzgün-nyzamda has tapawutlanan batalýon we rota sylaglanyldy. Ýagny batalýonlaryň arasynda kapitan Meýlis Çaryýewiň serkerdelik edýän batalýony, rotalaryň arasynda bolsa, uly leýtenant Ýagmyr Çaryýewiň serkerdelik edýän rotasy 1-nji orna mynasyp bolup, göçme nyşan, Hormat haty we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Sylaglaryňyz gutly bolsun, merdana harby gullukçylar!

Ýetilen sepgitler täze maksatlara badalga

Berkarar Watanymyz täze ösüşleriň, özgerişleriň taryhy ýoluna ugur alyp, belent sepgitleri nazarlaýar. Geçen 2020-nji ýyl hem uly ösüşleriň, özgerişleriň, belent sepgitlere ýetilen buýsançly ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň her ýylda harby we söweşjeň taýýarlygy dürli ugurlar boýunça ýokarlandyrmak maksady bilen bäsleşikleri yglan etmegi merdana harby gullukçylarymyzyň Watan goragyna ygrarlydyklaryny aýdyň subut edýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň jemleri we şeýle bäsleşikleriň netijeleri hasaba alnyp, maýor Hoşgeldi Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş dolandyryş bölüminiň Inžener goşunlary müdirliginiň harby bölümleriniň arasynda «Iň gowy harby bölüm» adyna eýe bolmagy merdana Watan goragçylarymyzda uly buýsanç duýgusyny döredip, täze okuw ýylyna batly depginler bilen başlamaga höwes döretdi. Harby bölümde turuwbaşdan belent maksat goýlup, şol maksada ýetmek üçin işler batly depginler bilen ýola goýuldy. Gumanitar we söweşjeň taýýarlygy boýunça okuw sapaklary ýokary guramaçylykly guraldy. Ýaş Watan goragçylary bilen terbiýeçiler, psihologlar tarapyndan yzygiderli işler geçirilip, beden taýdan berk, sagdyn harby gullukçylary taýýarlamakda sport bäsleşikleri, beden taýýarlygy boýunça usuly-amaly sapaklar geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň s

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Adamzat işini aňsatlaşdyrýan, ýeňillik döredýän zatlary durmuşyna juda çalt depginde ornaşdyrýar. Ylmyň gazananlarynyň mynasyp durmuşa geçirilmegi adamlaryň işini ýeňilleşdirmek, uly mümkinçilikleri döredip bermek bilen birlikde, wagty tygşytlamakda hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle şertleriň döremeginde bolsa, esasy orun sanly ulgama degişli bolup durýar. Sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçilikleri netijesinde adamlar birnäçe amatlyklardan peýdalanýarlar. Häzirki wagtda onuň ýurdumyzyň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagy bilen ähli işlerde ençeme ýeňillikler döredi. Onuň netijesinde söwda merkezlerinde bank kartlary arkaly söwda etmekden başlap, dürli harytlary internet arkaly sargamak, zerur bolan tölegleri ýerine ýetirmek, «Türkmenhowaýollary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň halkymyza hödürleýän mümkinçilikleri, ýagny petekleri onlaýn görnüşde satyn almak hem-de nagt däl hasaplaşyklary geçirmek, «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan sanly ulgamyň durmuşymyzdaky geriminiň barha giňeldilmegi ýaly şertler hem ýokarda aýdylanlara aýdyň subutnamadyr. Her gününi ösüşlere we üstünliklere besläp, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuna barýan Watanymyzda bu mümkinçilikler köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolan gazetdir žurnallara hem giňden ornaşdyrylýar. Her günki täzeliklerdir habarlar we täsirli makalalar bilen ilkinjileriň hatarynda tanyşmak üçin inter

Harby bilim we sanly ulgam

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüji, aýdyň syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň esasyny düzýän syýasat bolsa ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ähli ugurlara giňden ornaşdyrylmagy bilen mümkin bolýar. Goşuny kämil ýagdaýa getirmegiň iň möhüm wezipeleriniň biri hem harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny kämilleşdirmek arkaly häzirki zaman innowasion enjamlary hem-de maglumat tehnologiýalaryny ulanyp, harby taýýarlygyň has amatly, şol sanda netijeli görnüşlerini we usullaryny gözläp tapmakdan ybaratdyr. Harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny ösdürmegiň iň netijeli ýollarynyň biri hem ony maglumatlaşdyrmak bolup durýar. TGM-niň ýokary we ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerinde bilim berlişiniň, ylmy işleriň geçirilişiniň, dolandyryş işlerini guramagyň hilini we netijelerini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän sanly ulgamy kämilleşdirmek hem şeýle işleriň hatarynda bolup, ol işler yzygiderli alnyp barylýar.

Ekologiýa abadançylygy milli Liderimiziň başlangyçlary bilen has-da rowaçlanýar

Türkmenistan adamzat ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolan daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmakda dünýäde işjeň orun eýeleýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Şu nukdaýnazardan hem döwletimiz möhüm meseleleriň biri bolan daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny gazanmak ugrunda möhüm başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär. Durnukly ösüşiň esasy düzüm bölegi hökmünde, ekologiýa howpsuzlygyny we daşky gurşawy goramak bilen ilatyň abadançylygyny gazanmak esasy wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň ykdysady, durmuş we ekologiýa ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramagyň milli strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi we beýleki iri halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşykda köptaraplaýyn konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň, bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň esasynda giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ekologiýa babatda milli hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Kabul edilen täze kanunçylyk namalarynda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri hökmany ýerine ýetirmek baradaky kadalar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak

Öňde goýlan wezipeler aýdyňlaşdyryldy

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip atlandyrylmagy harby gullukçylarda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri hem günsaýyn ösýär we özgerýär. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen häzirki wagtda ähli harby bölümlerde sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar we bu mümkinçiliklerden harby gullukçylar maksadalaýyk peýdalanýarlar. Şunuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde terbiýeçilik işleri hakynda Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda Ýaragly Güýçlerimiziň bölünmelerinde söweşjeň dostlugy we jebisligi pugtalandyrmak, harby düzgün-nyzamy berkitmek hem-de söweşjeň we gumanitar taýýarlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň hataryndan düzümden daşary işjeň agzalar saýlanylýar we bellenilýär. Muňa mysal edip, 2021-nji ýylyň 1-nji okuw möwsüminiň başlanmagy mynasybetli geçirilen umumy ýygnakda podpolkownik Bazargeldi Annaniýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň, podpolkownik Oraz Hudaýberdiýewiň serkerdelik edýän motoatyjylyk batalýonynyň bölünmeleriniň şahsy düzüminiň arasyndan düzümden daşary işjeň agzalaryň bellenilendigini nygtamak bolar. Düzümden daşary bellenen işjeň agzalara, harby gullugyň gündelik işinde, bölünmede

Synaglar kabul edildi

Golaýda podpolkownik Döwran Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde kiçi serkerdeler düzümi bilen okuw-usulyýet ýygny guraldy. Ýygnyň dowamynda harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, dolandyryş bölüminiň serkerdesi, kapitan Amanmuhammet Hydyrow tarapyndan okuw dersleri meýilleşdirilip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzgünnamalary, taktiki, aragatnaşyk, gumanitar, usulyýet taýýarlyklary boýunça sapaklar geçildi hem-de geljekki kiçi serkerdeler düzüminden synaglar kabul edilip, netijede üstünlikli synag tabşyranlara «kiçi seržant» harby atlary dakyldy. Synaglarda kiçi seržantlar Rejepmuhammet Gadyrow, Mekan Babaýew, Kerwen Arslanow, Babaröwşen Öwezdurdyýew, Nariman Nurmämmedow dagy has-da tapawutlandylar. Dinara MURADOWA, maýor.

Watan ýürekden başlanýar

Watan, hakykatdanam ýürekden başlanýar. Adam öz eziz görýän gymmatlyklaryny ýüreginde saklaýar. Watan bolsa şeýle gymmatlyklaryň iň arzylylarynyň, iň mukaddesleriniň biri. Özi-de, özünden aýry bolmadyk gymmatlyk. Hakyky watansöýüji ynsan, Watanyň, ilki bilen, ata-babalarymyzdan galan mukaddes mirasdygyna kemsiz akyl ýetirýär. Hawa, Watan — bize merdana pederlerimizden galan miras, Watan — biziň nesillerimize galdyrjak mukaddesligimiz. Şonuň üçin, Watan hakyndaky pikirlerdir garaýyşlar, sözlerdir setirler howaýy bolmaly däldir. Çünki Watan düýnümiz, şu günümiz, ertirimiz. Düýn, şu gün, ertir bolsa, ömür diýmekdir. Eziz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ömrüň manysy — Watanyň parahatçylygynda. Adamyň ömürboýy edýän yhlasynyň özeninde Watan baradaky alada bar. Watanyň gymmaty ömürboýy eden yhlasyň bilen ölçärden hem ýokardadyr. Her adamyň süňňüniň öz topragyndan alnandygy hakynda tymsal bar. Hakykatdanam, adam öz topragyna meňzeş. Topragyna mahsus bolan aýratynlyklaryň ählisi onuň hüý-häsiýetinde kemal tapýar. Edil şonuň ýaly damarynda türkmen gany aýlanýan kişiniň edim-gylymy-da mukaddes topragymyza kybap. Agraslyk, agramlylyk, sahylyk, halallyk, merdanalyk, edermenlik — ine, türkmen topragy hakynda pikir edeniňde ilki seriňe gelýän häsiýetler. Hut şolar hem biziň milletimiziň iň bir görnükli edim-gylymlarynyň, hüý-häsiýetleriniň özenini düzýär.

Magtymgulynyň döredijiliginde bedewiň waspy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen toý-baýramlaryň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Her ýylyň ýazky we güýzki at çapyşyk möwsümleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilip, türkmen halkynyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmek babatynda hem mynasyp işler toplumlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylyk we seýisçilik sungatyny ata-babalarymyzyň birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli däp-dessurlary, tejribeleri bilen utgaşdyryp, döwrebap ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ata-babalarymyzyň baý tejribesi esasynda has-da şöhratlanan bedewleriň waspy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar.

Sagdyn durmuş — saglyk ýörelgäm

«Halkymyzyň saglygy Berkarar Watanymyzyň rowaçlyklarynyň we üstünlikleriniň gözbaşydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz, ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda yzygiderli tagallalary edýär. Ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýlan ähli maksatlardyr arzuwlarymyza ýetmäge, sagdynlyk, berk bedenlilik, adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmagyna kömek edýär. Saglyk — bu bahasyna ýetip bolmajak, her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. «Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir!» diýen paýhasly pikirden ugur alyp, her bir adam saglygy hakynda alada etmelidir. Saglygyň gadyryny bilýän adam sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, öz şahsy durmuşynda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we saglygyň hilini kepillendirýändir. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýan bolup durýar.

Arassaçylygy berjaý ediň!

Nahar iýlenden soň, gap-çanaklary dessine ýuwuň! * * *

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Şu günler howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy maslahat berýäris.

Deňizçi atamyň wesýeti

Atam 1962 — 1966-njy ýyllarda, dört ýyl Ýuwaş ummanynda harby gullukda bolupdyr. Ol harby-nyzam, syýasy we söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmekde, soňundan buýsanyp ýatlarlyk, göreldeli gulluk edipdir. Atam ýaşlyk hyjuwy bilen gulluk eden döwri barada bize gürrüň bereninde, gullukdaşlary Balkanabat şäherinden tehniki ylymlaryň kandidaty Nurberdi Mämesow, Änew şäherinden Nazarguly Rejebow ýaly merdanalar bilen Harby-deňiz goşunynda gulluk etmegiň nusgasyny görkezip, hemişe öň hatarlary eýeländikleri dogrusynda kän aýdardy. Atamyň bu hakyky harby-durmuş mekdebinde görkezen gujur-gaýraty harby deňizçi bolup gulluk etmegimde berk watançylyk sargydy, baş wesýetidir. Mähriban Watanymyzy, il-halkymyzy jan-dilden söýmekde, gullukdaşlarymyz bilen jebisleşip, Watana wepaly ýurt goragçylary bolup ýetişmegimizde edermen atalarymyzyň şöhratly ýoly biziň üçin hemişe görelde mekdebi bolup galar.

Salam haty

Çagyryş boýunça harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän oglum Balkan Janmuhammedowa salam haty * * *

Kim ol we nirede? (oýlanma)

Dynç günleriniň birinde, ýaňy oýanan dessime hem-ä howany täzelemek, hemem «tebigatyň sesini diňläp, lezzet bilen çaý içeýin-le» diýen maksat bilen penjiräni açyp, daşaryny synlap otyrdym. Ejem çaý getirdi. Çaý içip otyrkam, penjiräniň iç tarapyna bir akja kepderi gelip gondy. Şeýle bir owadan kepderi. Onuň bilen gürleşesim gelip başlady. Näme üçindir, penjirämize gelip gonan guş hem bolsa, göwnüme, köpden bäri göresim gelen ýakynym gelip «gonan» ýaly boldy. (Ýogsam öňem daşarda ýa seýilgählerde töweregime gelip gonýan kepderiler seýrek däl). Täsin zatlaryň biri hem — ol menden ürkenok. Hawa, asla uçjagam bolanok. Menem onuň meniň ýanyma «ýöne ýere gelmedigini» aňdym-da, elimdäki çöregiň owuntyklaryny penjiräniň öňünde goýdum. Ol birbada çokjak ýaly hem boldy, ýöne onuň penjiräniň iç tarapyndan düşüp, halynyň üstünde ýuwaşjadan maňa tarap ýöräp gelşinden onuň aç däldigine düşündim. Indiki aýtjaklarym biraz geňräk ýalyragam görüner welin... men oňa öz syrlarymy aýtmaga başladym. Kepderä örän öwrenişdim. Hamana öňden bäri tanaýan ýaly...

Danalardan dürdäneler

Eger-de çagany ýalňyş ýoldan alyp galjak bolsaň, onuň bilen bile ýöre, şonda ony dogry ýola gönükdirmäge pursat taparsyň. Çagaňa oýlap tapmagy we döretmegi öwret. Şonda onuň öňünde tutuş dünýä açylar.