"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şanly ýylyň şanyna

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýlary serhetçileriň durmuşyna-da ýatdan çykmajak taryhy wakalary bagyş edýär. Şu günler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde geçirilýän syýasy-medeni çäreleri serhetçileriň durmuşyny hasam bezeýär. «Ykrar tapýar Arkadagyň paýhasy, Parlaýar jahanda türkmen Baýdagy!» ady bilen guralýan wagyz-nesihat çäresi-de olaryň iň bir ähmiýetlileriniň biridir. Bu çäre serhet birikmelerinde, harby bölümlerde, serhet galalarynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, oňa harby gullukçylar, degişli edara-guramalaryň wekilleri, şeýle hem il sylagly ýaşulularymyzdyr ak saçly mährem enelerimiz uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şol çärelerde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygar bilen garşy alynmagynyň taryhy ähmiýeti, şu şygaryň astynda ýylyň dowamynda amala aşyrylmagy maksat edinilýän çärelerdir durmuşa ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýän döwletli işler barada giň mazmunly çykyşlar edildi. Bulardan başga-da, çykyşlarda wagyz-nesihat çäräniň adyndan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän orny we onuň abraý-mertebesi, şol sanda halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ösüşlerimiz, dünýäde ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň öňe sür

Hünär okuwy tamamlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Serhet institutynda «Serhet galalarynyň serkerdeleriniň taýýarlygy» hünär ugry boýunça okan serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyny tamamlaýyş dabarasy boldy. Dabara institutyň serkerdeleri, harby talyplary, şeýle-de, uçurymlar gatnaşdylar. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyna Serhet gullugynyň düzüminde harby gulluklaryny üstünlikli alyp barýan serkerdeler çagyryldy. Olar hünär derejesini ýokarlandyryş okuwynda kesgitlenen möhletde bilim aldylar. Olar, esasan, Serhet goşunlarynyň taktikasy, umumygoşun taktikasy derslerinden bilim derejelerini kämilleşdirdiler. Okuw möwsüminiň ahyrynda oňa gatnaşan serkerdeler okadylan dersler boýunça synaglary tabşyrdylar. Synaglardan üstünlikli geçen serkerdelere şahadatnamalar gowşuryldy.

Döwletiň döwletli pudagy

Adamlaryň, esasan hem zenan maşgalanyň gündelik durmuşda iň köp barýan ýeri, megerem, söwda merkezleri bolsa gerek. Onuňam öýüne iň golaýdakysy. Özüm-ä şeýle. Ýaşaýan ýerime golaý söwda merkezine gün içinde bir ýa iki gezek däl, dört-bäş gezekden hem köp barýan bolmagym gaty ahmal. Öýçülik-dä, birden iýmit ugrundan bir gerek zat ýüze çykýar, birdenem başgarak görnüşli bir zat... Ýöne aýtjak bolýan esasy zadym, meniň nämeleri alýanyma satyjylaryň belet bolup gidenligi. Eger-de men olara gatyk ýa ýogurt gerekdi diýsem, «Elin» nyşanly, şöhlat önümlerini sorasam «Özgeriş» nyşanly, arassaçylyk serişdeleri ýa-da çagalar üçin arlyk aljakdygymy bilseler «Ak-bulut» nyşanly önümleri görkezerler. Bu ýagdaý indi däbe öwrülip barýar. Ýöne bu ýagdaýyň düýp sebäbi, meniň dandawçyllygym däl-de, ýurdumyzyň telekeçilik pudagynyň batly depgin bilen döwrebap derejede ösýändigi, hususy kärhanalaryň öz müşderileriniň göwnüni tapmak üçin golda baryny gaýgyrmaýandyklarydyr. Elbetde, öz ýurduňda öndürilen önümi iýip-içeniňde-de, ulananyňda-da, hamana öz gapyňdaky sygryň süýdünden ýa bolmasa, öz agylyňdaky malyň etinden taýýarlanan ýaly, özüňi arkaýyn hem göwnühoş halda duýýarsyň. Oýlanyp otursaň, şeýle ýakymly ýagdaýlaryň aňyrsynda hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň her bir raýatynyň birek-birege bolan hormat-sarpasyny ösdürip, agzybirligini berkitmek ugrunda edýän päk yhlasly işleriniň miwesi hem-de dö

Bag —zeminiň göwher zynaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alyp, tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzda milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bolsa, bu ugurda ileri sürülýän beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylýanlygyndan habar berýär. Milli Liderimiz bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine, halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşy hem-de dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Ata Watanymyzda dürli daragtdyr agaçlaryň, al-elwan gülleriň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan köp sanly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we olary köpeltmek, ýaýratmak barada uly aladalar edilýär. Soňky ýyllarda güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde pürli, ýaprakly we miweli bag nahallarynyň, üzümiň millionlarçasy oturdylýar. Her ýyl bahar hem-de güýz pasyllarynda mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýurdumyzda däbe öwrülen ählihalk bag ekmek çäresi geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýbüni ekme

Sanly durmuşa gadam bu gün çäksiz mümkinçiliklere ýol açýar

Ynsanlaryň täzeliklere çalt uýgunlaşmaklary olaryň tebigatyna mahsus. Şol sebäpli hem, «sanly» durmuşa geçmekde hiç hili müşgillik bolmady. Bu-da sanly ulgamyň eçilýän nygmatlarynyň ynsana berýän rahady bilen bagly bolsa gerek?! Hut sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna gündelik durmuşymyzda zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, menzil sökmezden, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza sanly özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyza köp ýyl geçmedigem bolsa, kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlandy. Şunuň bilen birlikde, maglumatlary alyşmagyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.

Mizemez hukuk goragy

«Biziň hukuk döwletimizde kanun mizemezdir we ähli zatdan ileri tutulýandyr» diýen şygar astynda podpolkownik Döwran Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde hukuk tertibini we harby düzgün-nyzamy yzygiderli pugtalandyrmak üçin hukuk goraýjy we jemgyýetçilik edaralary bilen duşuşyklar guralýar. Şeýle çäreleriň hatarynda, ýakynda welaýat harby prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi Agamämmet Mämiýewiň gatnaşmagynda ähli derejedäki harby gullukçylara hukuk bozulma, jogapkärçiligiň görnüşleri barada düşünje bermek maksady bilen «Hukuk bozulmalara bizde orun ýok!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu terbiýeçilik ähmiýetli duşuşykda kapitan Merjen Juraýewanyň, leýtenant Sapardurdy Agabaýewiň, kiçi seržantlar Şadurdy Şadurdyýewiň, Azymberdi Amanmämmedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryny pugta berjaý etmäge, harby kasama wepaly bolmaga, harby düzgünnamanyň talaplaryny, serkerdeleriň buýruklaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge we her bir harby gullukçynyň öz harby borjuny başarjaňlyk we mertlik bilen ýerine ýetirmäge, harby işi ak ýürek bilen öwrenmäge, harby emläge we döwlet emlägini aýawly saklamaga çagyrýan çykyşlary has-da täsirli boldy. Dinara MURADOWA, maýor.

Çigildem gülüniň dessesi

Annamyrat bu günem hemişekileri ýaly ir turup, mellekde güýmenýärdi. Yzgary ýetik toprakdan jana şypaly serginlik göterilýärdi. Şeýle ajaýyp çagda tebigatyň ýüzi täzelenen ýaly bolup duýulýardy. Elindäki gaýçysy bilen baglary timarlaýan Annamyrat keýwanysynyň ýanyna nähili gelenini-de duýmady. Alyn saçlarynda ýek-tük ak görnüp başlan Aknur gelnejäniň bu günler biraz süňňi ýeňlän ýalydy. Ol häzirem näme üçindir, şatlyk bilen ýylgyrýardy. Adamsynyň golaýjagyna baryp duran Aknur gelneje oňa elindäki suraty görkezdi.

Görnüş

Gör-le, gözel görnüş geldi kemala,Ýazyň aýdymyna diň saldy älem.Onuň süýji heňi mydama ýatda,Tebigat tapypdyr bakylyk tärin. Şapak batyp, garalanda iňrikler,Bulut bilen didarlaşdy topragym.Öýlänçiň öýkesin ýazdy-da ýene,Ýagyş ýagdy, ýuwup baglaň ýapragyn.

Ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda

Şu ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda şeýle merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. Merkezde hormatly Belent Serkerdebaşymyza uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berýän şekiller görkezildi, olar barada hasabatlar berildi. Döwlet Baştutanymyz merkezde görkezilen enjamlar bilen tanyşlygynyň dowamynda uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de enjamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary, çyzgylary bilen içgin gyzyklandy. Şeýle-de bu ýerde mähriban Arkadagymyza ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynda ulanylýan enjamlar, uçarmansyz uçarlaryň Watanymyzyň mukaddes çäklerinde wideogözegçiligi amala aşyrmakda ähmiýeti hem-de enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Serhet gullugynyň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy onuň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi.

Yhlasyň, hyjuwyň, zähmetiň joşguny

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da belende galdyrmak üçin Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary depginli ösýär. Bular barada hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy. Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda iň ösüşli zamanada — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba-şäherlerini, şol sanda şu ýyl esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabady öňküdenem gözelleşdirmek babatda alnyp barylýan işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem giň gerimde ýaýbaňlanýar. Ýeri gelende aýtsak, göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýumlary goýuldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň 4

Üstünlik hemraňyz bolsun!

Hormatly Arkadagymyzyň ýaş nesiller üçin edýän atalyk aladalary netijesinde jemgyýetimizde has ösen, ýokary düşünjeli, ylymly-bilimli ýaşlar ösüp kemala gelýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigi hem hut şol maksatdan ugur alýar. Ýakynda bolsa bu bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň maýor Muhammetmyrat Baýryýewiň müdirlik edýän Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşikde harby okuwçylardan Ýazmyrat Ataýew, Ylham Nursähedow, Yhlas Akmeredow, Mekan Gulmyradow, Agahan Agamyradow, Böri Döwletow, Meýlis Hollyýew, Rahat Abylow, Rahat Gurbangeldiýew dagy baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlary bilen sylaglandylar. Şonuň ýaly hem bäsleşige gatnaşan harby okuwçylardan Abdylla Nurgylyjow, Bähbitgeldi Gurtlyýew, Umyt Orazow, Şatlyk Abdyýew, Arzuw Aşgabadow, Hydyr Nursähedow, Öwezberdi Hojamberdiýew dagy welaýat Baş bilim müdirliginiň Minnetdarlyk hatlaryna mynasyp boldular. Bu bäsleşige harby okuwçylary taýýarlamakda harby mekdebiň okuw bölüminiň başlygy, maýor Annaberdi Ilýasow, mugallymlar Eýýup Allanazarow, Owlak Gurbanberdiýewa, Halmuhammet Geldiýew, Aýgözel Erkeşliýewa, Ogulnur Sähetdurdyýewa, Merdan Agabaýew, Eje

Ösüşleriň täze sepgitlerine

Şöhratly taryha eýe bolan, adamzat taryhyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Bu gün ýaşyl Tugy al-Asmanda parlaýan Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pajarlap ösýär, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki halkara abraýy has-da artýar. Şeýle abadan, bolelin, asuda durmuşda ýaşaýan halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly-uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler ata Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini Arşa göterýär. Gysga döwrüň içinde halkara gatnaşyklarynyň we dostlukly hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni barha özüne çekýär. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz alyp barýan daşary syýasatynda dünýäniň dürli ýurtlary we halkara guramalary, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berýär. Eziz Watanymyzda geçen 2020-nji–— «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda beýik işler amala aşyryldy, rowaçlyklaryň belent sepgitlerine ýetildi. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyp, a

Zenan kalbynyň owazy

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini asylly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanatdylar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda baş baýrama bagyşlanyp çäreler, dabaralar geçirilýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça saýlama tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde işewür zenanlar Watanymyzy wasp edýän çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşikde TGM-niň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor Nabat Nurgeldiýewa 1-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem polkownik Başmyrat Berdinazarowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestriniň borçnama boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Merjen Makgyýewa baýrakly 2-nji orna mynasyp boldy.

Harby sport ussatlary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Ýaňy-ýakynda podpolkownik Batyr Şamyradowyň serkerdelik edýän harby bölüminde sportuň karate-do görnüşinden Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň ýolbaşçy düzüminiň gatnaşmagynda harby türgenlerden synag kabul edildi. Olardan çagyryş boýunça harby gullugyň kiçi seržantlary Imam Ýagmyrow, Nazar Ýagmyrow hem-de esgerler Döwletgeldi Orazmuhammedow, Annanur Tagansähedow, Murad Kenžaliýew dagy öwrenijilik derejelerine mynasyp boldular. Şeýle-de leýtenantlar Daňatar Azadow, Guwanç Amanmuhammedow, borçnama boýunça harby gullugyň starşinalary Maksat Ödaýew, Täçmyrat Pirgulyýew, Şatlyk Tekäýew gara guşagyň 1-nji danyna, kapitan Taňryberdi Garaýew, uly leýtenant Begenç Ýagşyýew gara guşagyň 2-nji danyna, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Annageldi Rahymow gara guşagyň 3-nji danyna (ussatlyk derejelerine) mynasyp boldular.

Abadan ýaşaýşyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň: «Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini düşündirmeli» diýen sözlerinden ugur alyp, ýakynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň ýardamy bilen maýor Amanmyrat Momalakowyň serkerdelik edýän harby bölüminde «Ruhubelentlik — sagdynlygyň gözbaşy» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de Diýarymyzyň ähli künjeklerinde zyýansyzlandyryş işleriniň meýilnamalaýyn esasda alnyp barlyşy, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, witaminlere baý bolan önümler bilen iýmitlenmek, iki metr howpsuz araçägi saklamak we agyz-burun örtüklerini dakynmak barada çykyş edenler täsirli maslahatlary berdiler. Rahmet ALLAKULYÝEW,kapitan.

Türkmeniň ynanyşmak ýörelgesi

Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýäde parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkidýän eziz Watanymyz Türkmenistan halkara syýasy ynamyny gazanmakda uly üstünlige eýe boldy. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli adyl syýasaty esasynda Türkmenistan bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň arasynda durnukly, ynanyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, goňşy döwletler bilen açyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi dünýä ýurtlarynyň biziň ýurdumyza bolan oňyn garaýyşlaryny kemala getirdi. Taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň parahatçylygy wagyz ediji ýörelgesine daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamanyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli we özara ynanyşmak ýörelgesiniň has-da dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasy boldy.

«Garaşsyz ýyllarda baky ömür bar»

Bagtyýar halkymyza her ýyl öz berekedi hem ruhy joşguny bilen gelýär. Biz geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny uly ruhubelentlik bilen bellän bolsak, onda üstümizdäki 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny tutuş halkymyz bolup zähmet ýeňişlerimiz bilen mynasyp garşylamagyň aladasynda. Goşa ganatymyza meňzedýän mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz bizi parahat ýurduň bagtyýar raýatlary hökmünde Ýer ýüzünde aýratyn tapawutlandyrýar. Türkmen halkynyň baky bagtyýarlygy, ýeten arzyly sepgitleri, nurana geljegi mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen berk baglydyr. Onda merdana pederlerimiziň arzuw-islegi, erk-ygtyýary, ýaş nesillerimiziň bagtly şu güni, eşretli ertiri bar. Ata-babalarymyzyň köňül islegleri Garaşsyzlyk ýyllarynda wysal boldy. Garaşsyzlyk bagtyýar milletimiziň ruhuna belentlik, mertebesine şan, nesline dowamat berdi. Nesiller onuň beren bagtyna, ömürlere nur çaýan manysyna aýdyň düşünýär. Bu gün ýaşlar pederleriň islegine, enelerimiziň arzuwyna eýlenip, ýurda dolan garaşsyz durmuşyň gujagynda şadyýan ýaşaýar. Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik, özbaşdaklyk, bagtyýar geljege mizemez ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky sö

Sanly ulgamyň kanuny esaslary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek we ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly amal edilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda, satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň we borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagynyň degişlidigi barada görkezilendir. Söwda işiniň onlaýn tertipde

Arassaçylyk we onuň esasy düzgünleri

Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky düşünjedir. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Şonuň üçin hem her bir ata-ene bu babatda öz çagalaryna gözegçilik etmelidir. Ýiti respirator keselleri howa-damja ýollary bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmegi öz durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Dürli ýokanç kesellerden goranmak hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklar bilen hem meşgullanmalydyr.

­Bedew hormaty (hekaýa)

Dokuz ýaşly Didar üçin atasy Täşli aganyň yzyna düşüp, obanyň at ýatagyna gitmekden gyzykly zat ýokdy. Ynsan ömrüniň iň bagtly döwri bolan çagalykdan bäri atlara bolan söýgi onuň aňyna ornaşypdy. Täşli aganyň berýän gyzykly gürrüňleriniň birýan ujy has irki döwürlere — Göroglynyň Gyraty baradaky rowaýat kysmy hekaýatlara çenli uzap giderdi. Zol-zol gaýtalanýandygyna garamazdan, Didar ol gürrüňleri diňläp, hiç ýadamazdy. Gaýta, her gezek gürrüň başlanandan tä tamamlanýança, bar ünsüni jemläp oturardy. Onuň yz ýanyndan Didaryň atasynyň gürrüňleri boýunça sowallary başlanýardy. Mahlasy, Didaryň hiç bir güni atlar bilen baglanyşyksyz geçmeýärdi. Birdenem, dünýäni sarsdyryp «Uruş turdy» diýen habar ýaýrady. Hemmeler bilen bir hatarda Didaryň kakasam fronta gitdi. Adamlaryňky düşnükli welin, athanadaky atlar hem edil urşa giden adamlar ýaly yzly-yzyna nirädir bir ýerlere äkidilip başlandy. Bu boluş Didara örän güýçli täsir etdi. Ol: — Ata, aý ata, indi atlarymyz dolanyp getirilmezmi, indi toýda at çapmarysmy?! Hany, sen maňa at münmegi, at çapmagy öwretjekdiň-ä? — diýip, howsalaly nazaryny atasyna dikdi. Agtygyna näme diýjegini bilmän birmeýdan dyman Täşli aga basym özüni ele aldy. Ol Didaryň başyny sypalap: