«Garaşsyz ýyllarda baky ömür bar»

17 Fewral 2021
1030

Bagtyýar halkymyza her ýyl öz berekedi hem ruhy joşguny bilen gelýär. Biz geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny uly ruhubelentlik bilen bellän bolsak, onda üstümizdäki 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny tutuş halkymyz bolup zähmet ýeňişlerimiz bilen mynasyp garşylamagyň aladasynda. Goşa ganatymyza meňzedýän mukaddes Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz bizi parahat ýurduň bagtyýar raýatlary hökmünde Ýer ýüzünde aýratyn tapawutlandyrýar.

Türkmen halkynyň baky bagtyýarlygy, ýeten arzyly sepgitleri, nurana geljegi mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen berk baglydyr. Onda merdana pederlerimiziň arzuw-islegi, erk-ygtyýary, ýaş nesillerimiziň bagtly şu güni, eşretli ertiri bar. Ata-babalarymyzyň köňül islegleri Garaşsyzlyk ýyllarynda wysal boldy. Garaşsyzlyk bagtyýar milletimiziň ruhuna belentlik, mertebesine şan, nesline dowamat berdi. Nesiller onuň beren bagtyna, ömürlere nur çaýan manysyna aýdyň düşünýär. Bu gün ýaşlar pederleriň islegine, enelerimiziň arzuwyna eýlenip, ýurda dolan garaşsyz durmuşyň gujagynda şadyýan ýaşaýar. Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik, özbaşdaklyk, bagtyýar geljege mizemez ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr!

Ýagşymyrat NURYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.