Oýun

25 Awgust 2021
573

Durmuş ýoluňa hemra, öý-hojalyga gümra boljak gyzy saýlamagyň aladasyna ýaşlykdan başlan Hezretiň taryhy şeýleräk: ol zenanlar barada köp pikirlense-de, hiç haçan daşyna çykarmaýar, özi ýaly ýigitleriň ýanynda-da agzamaýar. Olaryň, bardy-geldi, bu syry biläýseler, özüni gowşak hem yňdarma ýigit hasaplamaklaryndan çekinýär. Beýlekilere gezek galanda welin, Hezret zenanlar hakynda aýdylýan bir sözlemem sypdyrman diňleýär. Şol gürrüňleriň her birini uzyn gijelerine ýekelikde saldarlap, oýlanyp-ölçerip görýär. Köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlarynyň birinde ýaşansoň, onuň otagyndan asmanyň ak ýyldyzlaryna tarap açylýan iki sany uly penjire bar. Hezret şol penjirelere-de perde tutmagy gadagan etdi. Aslynda, öýündäkiler onuň otagyndaky hiç bir zada ondan birugsat el degrip bilmeýärler. Ol diňe otagyň arassaçylyk işine goşulmaýar, ýöne onuň geçirilmeli wagtyny özi anyklap berýär.

Hezretiň iki sany basdaş uýasy, agasy tarapyndan çykarylýan we ýyl geçdigiçe güýjeýän bu «düzgün-tertibe» tap getiribilmän, ata-enesine köp arz edipdiler. Emma bar zatda öz diýenini gögerdýän Hezret, zenanlaryň näme diýilse şony etmelidigini aýdyp, gyz uýalaryny hem diňlemedi. Soňabaka onuň uýalary öýde Hezretiň ýok wagtynda arassaçylyk işlerini geçmäge başladylar. Otag kiçiräk bolansoň, ol köp wagtyňy alanokdy. Şonda-da bary-ýogy alty-ýedi ädimden ybarat otagyň içinde goş örän köp bolup, olaryň Hezret tarapyndan nähili aýawly saklanylýandygyna belet uýalar, her bir zada seresaplylyk bilen çemeleşýärdiler. Aýratynam, Hezretiň gitarasy uýalaryň heder edýän zadydy. Onuň özüni arassalanlaryndan, duran ýerini süpürip oňanlaryny gowy görýärdiler. Hezretiň sähelçe zada-da iňirdäp, ähli keýpiňi gaçyrmagyndan çekinip şeýdýärdiler. Bir gezek uýalaryň birine gitaradaky çyzygyň öz işi däldigini düşündirmek uly görgi bolupdy. Uýasyna: «Ýa sen eliňden gaçyransyň, ýa-da gödek süpürensiň» diýip, eňek bermedik Hezret, wagty bilen köşeşmändi. Şol sebäpden, bu öýde iki gyz uýasynyňam, uzak gününi işde geçirýän ejesiniňem bar arzuwy menikli, akylly-başly, hojalygy has gowy dolandyraýjak gyzy tapmakdy. «Ine, gelin alanyňda görübereris» diýip, köpmanyly jogap berýän bolsalaram, olar şol gelniň Hezretiň isleýşi ýaly bolup çykmagyny tüýs ýüreklerinden arzuw edýärdiler.

Bägül ATAÝEWA.